17.05.2024 Gollanma307

Waspyň sena boldy dillere, bedew!


Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynda: «Oguz hanyň pentleri, Gorkudyň boýlary, Göroglynyň batyrlygy, Magtymgulynyň watançylygy hakynda aýdanymda, men şol döwre mahsus sypatlaryň esasysy — bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek, olary seýislemek sungaty barada oýlanýaryn» diýip belleýär. Halk döredijilik eserlerimizden başlap, nusgawy edebiýatymyzda görnükli orny eýelän, tarypyna namalar ýazylan, şanyna gazallar düzülen, ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleri şanly taryhymyzyň janly hakykaty, oňa bagyşlanan eserler bolsa umumadamzat dünýäsiniň hakydasydyr. Taryhy şahsyýetlerimiziň edermenlik, mertlik, batyrlyk ýaly nusgalyk häsiýetleri, göreşli hem ýeňişli menzillerde görkezen gaýraty bedewlere bolan synmaz söýgüsine ornapdyr. Muňa «Görogly» şadessanynda Göroglynyň Gyratyny syrdaşyna, gardaşyna deňemegi, oňa ýanbermez ynam, yhlas, belent söýgi bilen garamagy şaýatlyk edýär. Eserde ylahydan berlen duýgur ýürekli, arslan kükrekli bedewiň keramatly häsiýete eýedigi «Jylawynda iki pir bar» diýen setiriň üsti bilen beýan edilýär. Eseri okadygyňça, Göroglynyň gardaşyna deňän Gyraty bilen söhbetdeş bolýan pursatlary, Jygalybegiň seýisçilik sungaty, Göroglynyň çapyksuwarlyk ussatlygy, golunda sazy, dilinde bäş keleme sözi bilen Gyratynyň waspyny ýetirişi, Araz çaýyndan geçişine guwanyşy seni biygtyýar şadessandaky wakalaryň jümmüşine sary alyp gidýär.

Bedewlerimiz halk döredijilik eserlerimizde wasp edilip, onuň mynasyp dowamy nusgawy edebiýatymyzda biri beýlekisine meňzemeýän täzeçe öwüşginde ýüze çykýar. «Görogly» şadessanynda: «Gyratsyz baglara barmagyn seýle» diýilse, Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

At gazanar goç ýigidiň
Owwal bedew aty gerek —

diýip, ýurduň gerçek ogullaryny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Akyldar şahyrymyz «At ýanynda bellidir» diýen goşgusynda: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Daşda bellidir» atly goşgusynda: «Bedew çapyşda bellidir» diýmek bilen, atlaryň biri-birinden ýyndamlykdaky tapawudyny nygtaýar.

Belent watançylyk duýgularyna ýugrulan joşgunly şygyrlary bilen gerçek ýigitleri galkyndyran Seýitnazar Seýdi bedewiň üstüni Süleýmanyň tagtyna deňeýär. Şahyryň goşgular ýygyndylarynyň birinde onuň heniz oba mekdebinde okap ýörkä, at münmek bilen meşgullanyp, ony aýratyn gowy görendigi barada aýdylýar. Ol ýigitleri maksat-myradyna ýetirýän bedewleriň bahasyna dünýä malyny az hasaplap, münende hassalary sagaldýan, köňlüni göterip, keýpini çag edýän bedewi çensiz söýüpdir. Bu söýginiň netijesinde ol diňe bir ökde çapyksuwar ýa-da usully seýis bolup ýetişmän, eýsem, at üstüniň batyr ýigidi bolmak derejesine çenli hem ýetipdir. Şahyryň «Begler», «Baraly, begler», «Boldugy bardyr», «Goçaklar», «Baraýlyň» atly goşgularynda watançylyk ruhy bilen birlikde, bedewlere bolan ynamy, yhlasy, söýgüsi belentden ýaňlanýar.

XIX asyryň görnükli söz ussady Annagylyç Mätäji «Ýigidiň» goşgusynda: «At wepadary ýigidiň» diýip taryplasa, «Bedew» atly goşgusynda: «Türpe nyşanly, gyrmyzy jully, üsti şemally, şahy-mar tilli, boýny deraz, sagrysy meýdanly, gyzdan gylykly, alma göz, badam gabak, howanyň guşy» diýip, bedewi wasp edýär.

Nusgawy edebiýatymyzyň ýene bir görnükli wekili Mollanepes «dür toýnakly, pyýala gözli, gargy deý gulakly, elip dek ýüzli, mährap deý maňlaýly, arslan agyzly, garçgaý deý ganatly, perli, serwi deý gerdenli, belent gerişli, gül kimin dodakly, dürdäne dişli, Düldül deý syratly, Byrag ýörişli, ner kuwwatly, peleň zorly, ýüzi nurly, uçar guş kimin, gyrmyz gaş kimin, näzik zülpli» ýaly çeper meňzetmeler bilen tylladan eýer-esbaply bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň tarypyny ýetirýär.

Bedewleriň gadymyýetden bäri türkmen öýleriniň, toýlarynyň bezegidigini, olaryň şanyna ýörite çapyşyklaryň guralýandygyny Gurbandurdy Zelili: «At çapdyryp, altyn gabak atdyryp», «Goç ýigidiň guwanjy at», «Ýüwrük ýaryşda bellidir», «Höwes bilen at bakanlar, //Seýisler geçen ýoldur bu» diýen setirlerinde beýan edýär.

Geçen asyryň görnükli wekilleri hem ahalteke bedewlerini biri-birinden joşgunly şygyrlarda wasp etdiler. Häzirki zaman türkmen edebiýatynda bu edebi däp üstünlikli dowam etdirilip, bedewleriň tarypy milli we döwrebap öwüşginde, täzeçe labyzda belentden ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynda türkmen bedewleriniň göwünleri gobsundyrýan görküni, menzillerde ýyndamlygyny, syrdamlykda deňsiz-taýsyz gözelligini, seýkin basyp barşyny, döwre zynat berşini, «arşyň owazy» deýin kişňeýşini wasp edýär.

Dabarasy dünýä dolan bedewlerimiziň Şa serpaýly ýeňişli menzilleriniň tarypnamasy heňňamlaryň öçmejek hakydasy, eýýamlaryň ebedilik hakykaty bolup döwürleriň ýüreginde belentden ýaňlanar.

Aýjemal GAÝLYÝEWA.
"Balkan" welaýat gazeti, 16.05.2024

Tmpedagog