17.05.2024 Gollanma273

Dostluk — iň belent gatnaşyk


Halkymyzda «Dost — dostuň aýnasy», «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» ýaly atalar sözleridir nakyllar bar. Dostluk jemgyýetde adamlaryň birek-birek bilen ýakynlygyny alamatlandyrýan häsiýet. Ata-eneleriň çagalaryna edýän nesihatlarynyň biri hem dost gazanmakdyr.

Dostlugyň güýji, gudraty hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlar hem özleriniň döredijilik eserlerinde dostluk temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Dostluk hakynda aýdylanda, ilki bilen Kerim Gurbannepesowyň:

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň — gysgaltma hem gysgalma,
Dileg etse — gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git! —

diýen setirleri seriňe dolýar.

Dostluk — bu adamlaryň arasyndaky iň belent gatnaşygy aňladýar. Hakyky dost seniň şatlykly günüňde şatlygyňy deň paýlaşýan, gynanan günüňde goldaw berýän ýeke-täk ynsandyr. Adam iň kyn gününde dosty küýseýär. Halk arasynda «Dost kyn günde gerek» diýlip aýdylmagy hem ýönelige däldir.

Durmuşda bilip-bilmän ýalňyşan pursadyň hem bolýar. Şeýle ýagdaýda dost seň üçin ýürekdeş maslahatçydyr, ýakyn ynsandyr. Alym Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýatçynyň ýazgylary» diýen essesinde: «Iň ýakyn adam dostdur. Hatda maşgalaňa aýdyp bilmedik syryň hem dostuň bilen paýlaşylýandyr» diýip belleýär. Durmuş mysallaryna ýüzleneniňde, edebiýatçy alymyň pikirleriniň dogrudygyna göz ýetirmek bolýar.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Dosta näçe serpaý etseň az ýaly,
Näçe söýseň, şonça söýüp ýörmeli.
Ýokdur dostuň gymmaty ýa arzany,
Dost dost bolar, şoňa janyň bermeli —

diýen setirlerinde dostluk gatnaşyklarynyň möhümdigi ündelýär. «Sen dostuň kimdigini aýt, men seň kimdigiňi aýdaýyn» diýen aýtgynyň döremegi hem ýönelige däl. Ata-babalarymyz birine baha berende, onuň tirkeşýän dostlaryny hem nazara alypdyrlar. Umuman, dostluk durmuşyň bezegi. Dostluk birek-birege bolan ynamdyr, sylag-hormatdyr.

Irki döwürlerde işleri ugrugan bir baý adam bolupdyr. Onuň mal-dünýäsi, genji-hazynasy köpleri haýran galdyrypdyr. Birnäçe wagt onuň abraý-mertebesi köp ýerlere ýaýrap, il içinde giňden tanalypdyr. Birnäçe ýyldan soň onuň mal-döwleti, rysgal-berekedi kemäp, kynçylyklara düşüp başlaýar. Bu ýagdaýlar abraýly, barjamly adamy biynjalyk edýär. Ol näme sebäpden beýle bolýandygyny sorap, obasynda sylanýan bir ýaşulyny ýanyna çagyrýar. Bolup geçenleri başdan ahyryna çenli gürrüň berenden soňra, ýaňky ýaşuly oňa:

— Sen özüňe gaty uly ynam edip, ýakyn ýaranlaryňdan uzaklaşypsyň. Mähirli bakyp, duşmanlaryňy ýakynlaşdyrypsyň. Duşman ýanyňa geleni bilen dost bolmaýar. Dostlardan araň üzüldigiçe, duşmanlaryň artyp, rysgyň kemelýär — diýipdir. Ýaşulyny üns berip diňläp oturan baý durmuşda mal-dünýä bilen başagaý bolup ýörşüne dostlaryndan daşlaşandygyny duýup galýar.

Şonuň üçin halk arasynda «Dost ýüzüňe aýdar» diýilýär. Sebäbi dost aýbyňy ýapyp, seniň abraýyňa çalyşýar. Duşman bolsa onuň tersine. Şonuň üçin durmuşda dostluk adamlaryň arasyndaky iň ýakyn gatnaşyklaryň biri hasap edilýär. Dosta wepaly boluň!

Dünýägözel HALLYÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 82-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 16.05.2024

Tmpedagog