17.05.2024 Gollanma249

Ümür agany ýatlap...


Belli mirasgär alym Ümür Esen hakda uly bir kitap ýazsaňam boljak.

Çagalykdan agyr zähmete werdiş bolan, ylma suwsan, bilesigeliji, ýadamazak, ýaltanmazak, ugurtapyjy, gepe çeper, lebzi halal, guýmagursak Ümür aganyň ýurdumyza belli dessançy bagşymyz Gurt Ýakubyň aýdymlaryna, owazyna maýyl bolup, onuň ýanyna uzak ýol diýmän gatnaýşy barada kelam agyz söz aýtmakçy.

Arada, bir üýşmeleňe myhmançylyga gelen belli dessançy bagşymyz Çary Ýakubow bilen çaýlaşmak miýesser boldy. Onuň aýdyp berýän “Ýusup-Ahmet” dessanyny diňläp oturşyma, şeýle beýikleriň türkmendigine, biziňem sungatymyzy şeýle arşa galdyryp bilýän ussatlaryň bardygyna öz ýanymdan begendim.

Ara bir çaý içer salym düşende böwşeňlikden peýdalanyp, häliden bäri günüme goýmaýan soragymy Çary aga berip:

— Çary aga, siz Ümür Esen bilen, heý, bir gabatlaşypmydyňyz — diýdim.

— Haý, Sapar jan, Ümür agamy, ol bizden öňe geçip, tasdan-a kakamyň nowbahar ogly bolupdy, how — diýip, gürrüňe başlady.

— Ümür aga 1970-nji ýyllarda, entek ýaş ýigitkä, Murgapdan Ýolötene kakamy idäp welosipedli gelipdir. Ol, ilki bilen, Rozy bagşylara barypdyr. Rozy bagşydan sorap, biziň öýümizi tapypdyr.

Horaşaja geýnüwli, başy ýalaň, ýöne bilesigelijilikden ýaňa gözleri ýanyp duran bu ýigit sorap-idäp, biziň gapymyzdan geldi.

Kakam pahyr bu ýigidi boýdan- -başa synlapdyr-da, ony özüne öwrenişdiripdir. Şeýdibem, Ümür aga her hepde diýen ýaly bize gatnap başlady. Şarkyldap açylýan mele reňkli uly sumkasyny welosipediniň yzyna daňyp, at tezegini guratman diýen ýaly bize gatnan bu ýigidiň ýöne-möne adam däldigini kakam aňandyr-da, ol onuň sorap ýazyp alýan zatlaryna örän ünsli garady. Biz şol wagtlar howuz edinýärdik. Ümür aga bir gezek baranda, sen-men ýok, eline pil alyp, bize kömekleşmäge başlaberdi.

Kakam pahyr tä dünýeden gaýdýança, Ümür aga kakam bilen dogan ýaly gatnaşdy — diýip, sözüni soňlady-da, dessanyny dowam etdirdi.

Hudaýtarapyn halatly bolan iki ägirdiň bize galdyran miraslaryny biz häzir öz hazynamyz hasaplaýarys.

Saparmyrat HOMMODOW,
Murgap etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň rus dili mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 16.05.2024

Tmpedagog