09.05.2024 Gollanma270

“Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirligiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr”


1991-nji ýylda türkmen halky döwlet garaşsyzlygyny alandansoň 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 19-na asyrlar boýy ata-babalarymyzyň arzuwlan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy döredildi we bütin dünýä ýüzüne tanadyldy. Şol günden bäri al asmanda pasyrdaýan ýaşyl tugymyzyň şekline 1997-nji ýylda iki sany zeýtun pudagy goşuldy. Watanymyzyň ýaşyl tugy hakyndaky maglumatlar 1992-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy hakynda” Türkmenistanyň kanunynda giňişleýin bellenilýar. Şol kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirligiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr” diýip bellenilýär. Beýle diýildigi bolsa taryhdan hem bize mälim bolşy ýaly döwlet gurmakda türkmen milletiniň aýratyn ukyplydygy we şol ukyplaryň kömegi bilen bugünki gün bütin dünýä ykrar edilen özbaşdak garaşsyz döwleti döredendigiden habar berýär. .

Döwlet baýdagymyzda ýerleşdirilen göller halkymyzyň dostlugynyň, agzybirliginiň we jewis bolup bir döwlete gulluk edýändikleriniň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy hakyndaky kanunyň 7-nji maddasyna laýyklykda “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüňi alyp barmak) arkaly hem-de islendik beýleki görnüşde hormatyny gaçyrmaga, şeýle hem oňa hormat goýmazlyga ýol berilmeýär” diýip bellenilýär. Bu bolsa döwlet tugymyzyň hormatynyň we mukaddesliginiň kanun bilen goralýandygyny aýdyň görkezýär.

Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni bilen bilelikde bellenilýär.

Begenç ÇÄŞEMOW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
33-nji oerta mekdebiň mugallymy.

boldumsaz.mekdepno33@mail.ru

Tmpedagog