04.05.2024 Gollanma248

Edebiýat we çaga dünýäsi


Öz ýaşyna niýetlenen çeper eserler çagalaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, ruhy dünýäsiniň gözelleşmegine düýpli täsirini ýetirýär. Olarda durmuşa dogry garaýyşlary kemala getirmek, ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek ýaly meseleleri üns merkezinde saklaýar. Bu barada edilen işlerde çagalar edebiýatynda ähli zadyň janlandyrylyp görkezilmelidigi nygtalýar.

Çagalar edebiýatynda üns bermeli meseleleriň biri-de eseriň şadyýan ruhda ýazylmagydyr. Çagany guraksy gürrüňler däl-de, degişme, oýun häsiýetli, göçme manyly beýan etmeler has beter gyzyklandyrýar. Çaga öz töwereginde bolup geçýän hadysalaryň ählisini oýun hökmünde kabul etmegi halaýar. Eserlerde olaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulmaly esasy meseledir. Bu edebiýat, esasan, mekdebe çenli, kiçi, orta we uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin diýen toparlara bölünýär. Munuň özi çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda eser döretmelidigini nygtaýan delildir.

Türkmen halk döredijiligi çagalar edebiýatynyň kemala gelmeginiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji çeşmeleriň biri ertekilerdir. Halk döredijiliginiň şygyr görnüşinde çagalaryň dünýäsine gabat gelýän aňlatmalar ulanylýar, bu eserleriňdiliniň sada bolmagy olaryň sözleýşi bilen gabat gelýär.

Aýry-aýry şygyrlaryň temasy, dili we öňe sürýän pikiri çagalaryň maglumatlary çalt we dogry kabul etmekleri üçin amatly boldy. Magtymgulynyň «Jan içinde», Seýdiniň «Sen çölüň», Mätäjiniň «Bugdaý», Misgingylyjyň «Daglar» ýaly goşgularynda çagalary gyzyklandyrýan çeper keşpler we meseleler orta çykarylypdyr.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Ýaz nireden çykdy?» kitaby körpe okyjylaryň söýgüsini gazandy. Ýygyndydaky goşgularyň aglabasy degişme äheňinde ýazylypdyr. Täze görnüşli tapmaçalarda şahyryň döredijilik gözlegleri göze ilýär. Bu tapmaçalary okamak hem, ýatlamak hem çagalar üçin ýeňil. Goşgular akgynly okalýar we tiz ýadyňda galýar. Şahyr çagalar şygryýetine özboluşly üçleme goşgy görnüşini girizdi. Häzirki zaman çagalar ýazyjylarynyň biri-de Hemra Şirowdyr. Onuň döredijiligi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýazyjy kiçi ýaşly çagalar üçin eserler döretmek bilen dürli tärleri peýdalanyp, çagalaryň kalbyna aralaşmagy başarýar. Aýratynam, ýazyjy allegorik keşpleri janlandyranda örän ussatdyr. Haýwanlar, ösümlikler edil adamlar ýaly gepleşýärler we düşünýärler, pikirlenýärler. Şonuň üçin olaryň keşbinde çagajyklar köplenç özleriniň käbir häsiýetlerini görüp bilýärler. Hemra Şirowyň döredijilik älemi örän giň, onuň döreden eserlerinde çaga dünýäsiniň gözellikleri açylýar. Şol bir wagtyň özünde şahyr çaga aňyýetine içgin aralaşyp bilýär. Ol tebigaty çagalara iň ýakyn hem düşnükli bolan zada – okuw kitabyna meňzedipdir. Goşgularynda körpe okyjyny söhbetdeşlige taýýarlamak üçin giriş sözüni getirip, ýönekeý usuly ulanmaýar. Ol okyjy bilen öňden tanyş ýaly, bir-birege düşünişýän ýaly gönüden-göni aýtjak zadyny aýdyp bilýär. Ýazyjy okyja mesele hödürlände ulularyň sözi bilen däl-de, göni çaganyň öz dili bilen gürrüňe aralaşmagy başarýar. Hemra Şirow goşgularynda psihologizmi döretdi. Psihologizm diýlende gahrymanlaryň aňynda bolup geçýän psihologik hadysalara, gahrymanyň özakymlaýyn ýa-da bir zadyň täsirinde dörän psihologik häsiýetleriniň ösüşine düşünilýär. Şahyryň «Ýalta oglanjygyň arzuwy» goşgusy gönüden-göni şu häsiýete eýedir.

Çagalar şahyry Kasym Nurbadowyň şygryýeti kiçi ýaşly çagalara niýetlenen, şonuň üçinem bu goşgularyň dili, beýan ediliş usuly adatdakylardan tapawutlanýar. Ol söz oýnatmalaryň başarjaňlyk bilen ulanylmagy goşga üýtgeşik görnüş hem mazmun beripdir. Bu zatlary başarmak üçin bolsa ýazyja çaga psihologiýasyny gowy öwrenmek gerek bolandyr. Azat Rahmanowyň gahrymany çagalaryň şahyrana ýürekli, ýakyn hem ýürekdeş dosty. Rejepmyrat Durdyýewiň baş gahrymanlarynyň ýuka ýürekli, iňňän duýgur, ýüregi gowulyga ymtylýan ýetginjekler. Olar taýýar ýol bilen gitmän, durmuşdaky menzili özleri geçmäge, durmuşa özbaşdak düşünmäge çalyşýarlar. Ýazyjynyň eserlerindäki gahrymanlar okyja ruhy taýdan ýakyn we terbiýeleýji ähmiýete eýedir. Edebiýat ynsanyň ruhy iýmiti. Çagalar üçin döredilen eserlerde jemgyýetimiziň ýaşajyk wekillerini sagdyn ruhda terbiýelemek meselesi esasy orun eýeleýär.

Mametjan JUMAKULYÝEW,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiň müdiriniň
terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.



jeyhun.news

Tmpedagog