02.05.2024 Gollanma71 .

Goňşy gadyry


Goňşuçylygyň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýýan pederlerimiz «Ýer alma, goňşy al» diýen pähimi döredipdirler. Goňşy gadyry hakynda oýlananymda, halk hakydasyna ornan bir rowaýat ýadyma düşýär.

Gadym zamanlarda bir goja zerurlyk ýüze çykyp, öýüni satmakçy bolupdyr. Horaşaja öýe ilkibada hiç kim hyrydar çykmandyr. Günleriň bir güni bir adam gojanyň gapysyny kakyp, öýüne hyrydar bolup gelendigini habar beripdir. Onda goja:

— Öýüň nyrhy müň tylla — diýip, nyrh kesgitläpdir. Muňa haýran bolan alyjy:

— Atam, öýüňe gaty ýokary nyrh kesdiň-le! Häzir bu öýüň bazar bahasy iki ýüz tylladan ýokary aşmaz — diýipdir. Onda Goja:

— Dogry, öýüň bahasy, goý, seniň diýeniň ýaly bolsun! Emma meniň gyzyldan gymmatly goňşym bar. Men öýümi goňşymyň gadyr-gymmatyny bilýän, goňşuçylyga sarpa goýýan adama satmakçy — diýip, köp manyly ýylgyrypdyr.

Alyjy gojanyň sözündäki parasada akyly kesmänden soň, ylalaşman gaýdyberipdir. Bu bolan gürrüň goňşusynyň gulagyna-da ýetipdir. Ol derhal gojanyň ýanyna gelip:

— Seniň kyn ahwalda galanyňy men duýmandyryn. Meni bagyşla! Näme gerek-ýaragyň bar bolsa, kömek-goldawa mätäç bolsaň, men taýyn. Ýöne sen hiç ýere göçme, öýüňi-de satma! Seniň ýaly goňşyny men nireden tapaýyn — diýip haýyş edipdir. Bu rowaýatyň hikmetinde «Kyýamat güni goňşudan» diýen halk pähimi şöhlelenýär. Pederlerimiz ýagşy gününde-de, ýaman gününde-de goňşynyň delalatyna, goldawyna, köňüldeşligine daýanmagy makul bilipdirler. Şonuň üçin hem uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşyny özlerine ýakyn saýypdyrlar.

...Atam: «Donumyň syny goňşymyňky» diýen aýtgyny köp gaýtalardy. Goňşa hormat goýmak, şatlyk-gaýgysyna şärik bolmak pederlerimizden nesilden-nesle geçip gelýän milli ýörelgämizdir. Enemiň hem her gezek tamdyrdan ilki çykan gyzgynja çöregiň göze gelüwlisini saýlap, saçaga dolap, goňşulara iberişi gözümde galypdyr. Ene-mamalarymyz taýýar tagamdan ilki goňşa dadyrylmagy ýaly ýagşy edim-gylymy bilen öý-ojagyň rysgal-berekedini artdyrýar diýen ynam-ynanja uýupdyrlar. Öýde taýýarlanylan del tagamdan, süýjüliklerden goňşy öýde ýatan näsagyň, agzy bimaza gelniň hem aýratyn paýy bolupdyr. Halkymyzyň durmuş dessuryna öwrülen goňşokara kadasy goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkidipdir.

Goňşyny goňşynyň bazary saýan halkymyz «Keçe satsaň-da, goňşyňa sat, baranda üstünde özüň oturarsyň» diýen pähime eýeripdirler. Halkymyzyň goňşuçylyk dessurlary ýaş nesilleri ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde möhüm edep-terbiýe mekdebi bolup durýar.

Ogulnabatgül ATAMYRADOWA,
Boldumsaz etrabyndaky
58-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 02.05.2024

Tmpedagog