15.04.2024 Gollanma80 .

Ýaňyltmaçlar – körpeleriň sözleýşini kemala getirmekde ähmiýetli serişde


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020–2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy” kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden maksatnamasynyň maksady we wezipeleri eziz Diýarymyzyň geljegi bolan körpe nesillerimiziň ösüşiniň irki döwründen başlap sagdyn bedenli, akyl taýdan sazlaşykly ösüşini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Maksatnamanyň III babynda “1-6 ýaşly çagalaryň arasynda eşidiş, görüş, ýürek-damar, dem alyş, nerw, daýanç-hereket ediş, endokrin ulgamlarynyň kesellerini we beýleki kemislikleri, şeýle hem gepleýişden, akyl we fiziki ösüşden yza galýan çagalary ir ýüze çykarmakdan we netijeli bejermekden ybarat”. diýlip bellenilýär. Maksatnamada bellenilişi ýaly, çagalaryň sözleýşinde ýüze çykýan ýalňyşlyklary düzedip, sözleri, sözlemleri doly we dogry aýtmagyny irki ýaşdan başlap kemala getirmek möhüm mesele bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz: “Halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir”diýmek bilen, baý milli mirasymyzyň üstünde düýpli ylmy barlaglary geçirmegi wezipe edip goýýar. Türkmen halk döredijiligimiziň ownuk görnüşleriniň biri bolan ýaňyltmaçlar hem logopediýada ylmy derňewiň obýekti bolup hyzmat edýär. Şol nukdaýnazardan-da, maksadymyz çagalarda ýüze çykýan fonetik-fonematik sözleýiş bozulmalaryny, açyk, aýdyň sözleýşi kemala getirmekde ýaňyltmaçlaryň ähmiýetini öwrenip, olaryň çaganyň sözleýşinde ýüze çykýan gyşarmalary düzetmekde ulanmagyň usullaryny seljermekden ybaratdyr.

Ýaňyltmaçlar özüniň tebigaty boýunça sanawaçlara ýakyn bolup, düzülişiniň sadalygy, şeýle-de çalt aýdylmak şertiniň barlygy bilen halk döredijilik eserleriniň içinde tapawutlanýarlar. Olar çalasyn, aýtmasy kyn hem-de uzyn düzülen bir ýa-da birnäçe sözlemden ybarat bolup, olary düzmekde “k, p, t, ç, ş, s” ýaly dymyk sesler gaýta-gaýta ulanylýar.Ýaňyltmaçlarda gelýän sözler ýa-da sesler ýalňyş aýdylaýsa, orny üýtgedilse, başdaky aňladýan manysy ýitýär. Çagalar her ýaňyltmajy gaýtalap aýdyp, onda gelýän sözleri özleşdirýärler, şeýdip hem ýaňyltmajy ýalňyşsyz, dogry aýtmagy öwrenýärler, her bir sözi, sözlemi pert-pert, dogry we düşnükli aýtmaga çalyşýarlar. Bu türgenleşikler çaganyň öz pikirlerini beýan etmekde düzýän sözlerini, sözlemlerini manyly hem-de düşnükli dilde aýdyp bilmegine ýardam edýär, çagalarda sözleýşi kemala getirýän psihiki prosesleri (ýat, üns, pikirlenme, kabul etme) kämilleşdirýär.

Logopediýa (sözleýiş kemçiligini düzedýän) ylmyna laýyklykda çaganyň sözleýşindäki fonetik-fonematik bozulma – sesleri kabul etmekde we sesi aýtmakda goýberilýän kemçilikler netijesinde sözleýşiň emele gelmeginde ýüze çykýan bozulmadyr. Bu ýagdaý çaga täze dil açyp başlan döwürlerinde – irki ösüş döwründe has-da köp duş gelýär. Şol bozulmalary düzetmekde ýaňyltmaçlar bilen türgenleşmeklik diliň peltekligini, sözleýiş kemçiliklerini aýyrmakda, ses artikulýasiýasyny kadalaşdyrmakda iň gowy tärleriň biri hasaplanylýar. Çagalaryň dilini düzetmekde ýaňyltmaçlar bilen işlemegiň esasy maksady olary çalt aýtmak netijesinde arassa, dogry, owadan sözleýşi kemala getirmekdir. Bu türgenleşikleri 5 tapgyr boýunça ýerine ýetirmek bolar:

1. Ýaňyltmajyň sözlerini haýal, bogna bölüp birnäçe gezek gaýtalamaly. Munda ýat tutulmaly sesleri doly we dogry aýtmaga mümkinçilik döredilmeli.

2. Sesi emele getirýän gep agzalaryň hereketini sessiz ýerine ýetirýäris, şol sanda sözlerdäki her bir bognuň açyk we aýdyň artikulýasiýasyny hasyl edýäris.

3. Dodaklarymyzy herekete getirip, sözlemleri pyşyrdyly aýdýarys. Sözlemleri gyryk däl-de, diňe aýdyň pyşyrdynyň özi bilen ýerine ýetirmek hökmanydyr! Sebäbi biz bu tapgyrda pyşyrdyda aýdylýan sözlemiň sesleriniň doly we kadaly aýdylmagyny gazanmalydyrys.

4. Ýaňyltmajyň sözlemlerini sesli sözleýişde örän çalt tizlik bilen aýdýarys.

5. Soňky tapgyrda ýaňyltmaç doly öwrenilip, ýat tutulandan soň, ony dürli äheň bilen eserleriň okalyşynyň dürli görnüşlerinde (goşgy okalyşy ýaly – akgynly we labyzly; sözleýişiň okalyş tizligini üýtgedip, sözleri aýdym görnüşinde) ýerine ýetirmek bolar. Her bir ýaňyltmaç sesleriň we sözleriň ýöne bir toplumy däldir. Olar sözleýşiň seslerini aýtmakdaky endiklerini türgenleşdirip, sözleýişdäki aýtmasy “agyr” bolan sesi däne-däne aýtmaga mümkinçilik berýär.

Çagalara her sese degişli ýaňyltmajy öwredenimizde ilki şol sesler barada maglumat berip, soňra ýaňyltmajy ýokarda belläp geçen esasy 5 tapgyryň üsti bilen öwretmek amatly bolýar. Mysal hökmünde aşakdakylaryň üstünde durup geçeliň:

[B]: – açyk, dodak, zarply çekimsiz ses. Bu sesi aýdanymyzda dodaklarymyz bir-birine degýär ýa-da dodaklarymyz bir-birine degişmän, aralarynda azajyk yşgalaň galýar. Sese degişli ýaňyltmaç: Baba bagbanyň bagynda badam, bägül badamjan bar.

[Ç]: – dymyk, dil ujy-diş düýbi, zarply çekimsiz. Bu sesi aýdanymyzda, dilimiziň ujy alyn kentlewügimize ýa-da alyn kentlewügimiz bilen jebis (berk) alyn dişimiziň düýbüne degýär. Bu sesi aýdanymyzda diliň degýän ýeri we hereketi birmeňzeş däl. [Ç] sesini aýdanymyzda dilimiziň ujy alyn kentlewügimize degýär. Sese degişli ýaňyltmaç: Çarynyň çep çekgesinden çekirtge çakdy, Çary çatmadan çyrlap çykdy.

[K]: – dymyk, ortaky, yzky kentlewük, zarply çekimsiz. Bu sesi aýdanymyzda, dilimiz yza çekilip, orta güberilýär-de, ýokary kentlewügimiziň ortaragyna degýär. [K] sesi ýogyn çekimli sesler bilen ýanaşyp gelende – yzky kentlewük, inçe çekimliler bilen – ortaky kentlewük sesiniň ornuny berýär. Sese degişli ýaňyltmaç: Şu gara ýeri tokmaklasaňam tokmaklamaly, tokmaklamasaňam tokmaklamaly.

[S]: – dymyk, dişara, süýkeş çekimsiz ses. Bu sesi aýdanymyzda dilimiz aşaky we ýokarky dişlerimiziň arasyna düşýär-de, howa dişiň arasy bilen diliň üstünden syzylyp çykýar. Sese degişli ýaňyltmaç: Selbi sebetdäki suwkädä suw salyp, sülleren selmelere suw sepdi. Ylmy derňewlerimiziň netijesinde hödürleýän usulymyz arkaly fonetik-fonematik bozulmasy bolan çagalar, düzediş-bejeriş sapaklarynda ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak bilen, olar edebi dilde arassa, düşnükli, dogry hem owadan geplemegi öwrenýärler. Sesleri, sözleri dogry aýtmaga, öz pikirindäki sözlemleri-de dogry düzmäge, aýdyň dile getirmäge türgenleşdirilýär. Şonuň netijesinde, çaganyň sözleýiş ukyby kämilleşýär, eşidiş ukyby ösýär, söz baýlygy artýar, dünýägaraýşy-da ýokarlanýar.

Ogultumar ÝAZMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
“Pedagogika” fakultetiniň talyby.

tumaryazmyradowa@gmail.com

Tmpedagog