12.04.2024 Gollanma129 .

Iki mugallym


Mekdebe ýaş mugallymlaryň ikisi gelipdir. Olaryň biri okuwçylaryna şeýle diýipdir:

— Biz daga çykarys. Dünýä kynçylyklaryny ýeňip geçmek arkaly göz ýetireris.
Beýleki mugallym bolsa:

— «Akylly daga çykmaz» diýen jümläni ýatladyp, hemme işiň ýeňil ýoluny gözläris — diýipdir.

Mugallymlaryň birinjisi öz ýörelgesine wepaly bolup, okuwçylaryny daga çykarypdyr. Olary iň kyn, gaýalyk ýerlere eltip, baryp bolmaz öýdülen belentliklere çykarypdyr. Bu ýagdaý 10 ýyl dowam edipdir.

Mugallymlaryň ikinjisi hem öz diýenini tutup, okuwçylaryny kynçylykdan gorapdyr. Ol okuwçylaryny dagyň daşyndan aýlanyp, aňsat we amatly ýerden geçmäge werziş edipdir. Bu ýagdaý hem 10 ýyl dowam edipdir.

Birinji mugallymyň okuwçylarynda daglar ýaly belent ruh kemala gelip, öwrenenlerini durmuş bilen utgaşdyrmak arkaly taplanypdyrlar. Netijede, olar köptaraply pikirlenmäge endik edipdirler.

Ikinji mugallymyň okuwçylary bilýänlerini aňlarynda saklamak we seljermek bilen ýoluň aňsadyny gözlemäge endik edipdirler. Olarda birsydyrgyn hereket edip, kynçylykdan sowlup geçmek üçin her bir meseläniň dürli tarapyndan barmaga öwrenişipdirler.

Netijede, birinji mugallymyň okuwçylary uçmagy we töwerek-daşdaky hemme zady görmegi, ikinji mugallymyň okuwçylary gezmegi we diňe gözüniň öňündäkini görmegi öwrenipdirler.

Şu ýazgylary okap, haýsy mugallymyň okuwçylarynyň nähili ýoly saýlajakdyklaryna özüňiz göz ýetiren bolsaňyz gerek.

Taýýarlan Oguldöndi IBADULLAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 08.04.2024

Tmpedagog