22.01.2023 Gollanma87 .

Düýeleriň ýaşy we jynsy boýunça atlandyrylyşy


Köşek—dogulandan alty aýlygyna çenli.
Torum—altyaýlygyndan1ýaşa çenli.
Ogşuk—1 ýaşdan 2 ýaşa çenli.
Iki ýaşar inen—2 ýaşdan 3 ýaşa çenli inen (urkaçyjynsly) mal.
Duluç—3-4ý aşan inen mal.
Köşekli duluç—4 ýaşan köşekli duluç.
Karamlyk—iki ýaşynda gaýyp, üç ýaşynda botlasa karamyna botlan düýe diýilýär.
Hakyna botlan—üç ýaşynda gaýyp, dört ýaşynda botlanda, ýagny, birinji köşeklände diýilýär.
Düýe—4 ýaşdan uly inen mal.
Uly düýe—iki gezek köşekländen soň diýilýär.
Bugurçy—2 ýaşdan geçen erkek malyň 4 ýaşyna çenli atlandyrylyşy.
Erkek—dört ýaşdan ýokary erkek malyň atlandyrylyşy.
Höwür erkek—5 ýaşdan uly höwür üçin saýlanyp alnan erkek mal.
Iner—arwananyň (dromedar—bir örküçli türkmen düýesi) ineni bilen (bakterian) iki örküçli düýeleriň erkegini görnüş araçakyşdyryp, birinji arkada alynýan gibrid (gatyşyk)n esliň erkegi.
Inermaýa—ineriň alnyş usulynda birinji arkada alynýan nesliň ineni. Göhert—arwananyň höwür erkegini iner maýa bilen arwana ugrukdyrylan özgerdiji çakyşdyrma geçirip alynýan gibrid nesliň erkegi.
Kärderi—arwananyň höwür erkegini iner maýa bilen çakyşdyrylyp alynýan gibrid nesliň ineni.
Sapaldryk—arwananyň höwür erkegini kärderi bilen çakyşdyrylyp alynýan gibridlere jynsy nagaramazdan “sapaldryk” diýlip atlandyrylýar.
Nar—arwananyň erkegini bakterian düýäniň ineni bilen çakyşdyryp, birinji arkada alynýan görnüşara gibridleriň erkegi.
Nar maýa—arwananyň erkegini bakterianyň inen düýesi bilen çakyşdyryp, birinji arkada alynýan görnüşara gibridleriň ineni.
 Adaty düýeler bilen deňeşdireniňde gibridler ýük götermekde güýçli, agramy we önümliligi ýokary bolýar. Gibrid erkekler höwürde ulanylmaýar, sebäbi olardan alynýan nesilleriň önümliligi pes bolýar. Olar göýdük, sarç hem-de ýaramaz häsiýetli bolýar. Eger-de bilinmezlikde iner bilen iner maýa çakyşyp nesil alynsa, türkmenlerde oňa ýurdagaýdar diýilýär. Käbir maglumatlarda heşdek hem diýilipdir. Göhert bilen kärderi çakyşdyrylyp alnan nesle jynsyna garamazdan ýurdagaýdar ýa-da dürek diýilýär.


Toplan: Çarygeldi ATABAÝEW,
“Täzeoba”.

"Täze oba" žurnaly, 2023-№1

Tmpedagog