03.01.2023 Gollanma6862 .

“Paýhas çeşmesi” kitabyndan dürdäneler


Akyl – ylmyň hyrydary.

Akylyň bolsa, uzak ýola şöwür et, Bilimiň bolsa, bilmedige öwret.

Alym gül getirer, ary – bal.

Alyma amal ýaraşar.

Alym bolsaň, älem seniňki.

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.

Bilimli – ölmez, bilimsiz – gülmez. .

Bilimli – uçar, bilimsiz – gaçar.

Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň – çägi.

Är görki – akyl.

Galam tutan dilenmez. .

Galamyň ýazanyny gylyç bozup bilmez.

Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar.

Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag. .

Hünärli – zor, hünärsiz – hor. .

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer. .

Maly paýlasaň dagar, ylmy paýlasaň gögerer.

Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.

Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt.

Ylym – akylyň ýarysy.




Tmpedagog