12.04.2024 Gollanma91 .

Nusgawy şahyryň nesilleri


Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Magtymguly etrabynda geçirilen «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» atly dabaraly çärä gatnaşmak miýesser etdi. Aýdym-sazly çäre tamamlanandan soňra, Gyzylarbat etrabyna tarap ýola düşüp, ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň çowlugy Ogulbike Jumaýewanyň öýüne myhmançylyga bardyk. Şonda bizi töri bezäp oturan eneler — uýalaryň ulusy, 88 ýaşyndaky Ogulnur ene, ortanjysy, 79 ýaşyndaky Durdybike ene, kiçileri, şol ojagyň eýesi, 75 ýaşyndaky Ogulbike ene güler ýüz bilen garşyladylar.

Bir saçagyň başynda jem bolan ýüzi nurana eneleriň gürrüň berişleri ýaly, olar Gurbandurdy Zeliliniň üçünji arkasy — çowluklary bolup, Zeliliniň ogly Mämmetdöwlet ahunyň dört oglunyň biri Jumadurdynyň gyzlary. Mämmetdöwlet başdaş aýaly Mama aradan çykandan soňra, Hallybibi atly gyza öýlenýär. Hallybibi eje 1964-nji ýylda 100 ýaşynda aradan çykypdyr. Mämmetdöwletiň Jumadurdudan başga-da Gurbandurdy, Annadurdy, Baýramdurdy atly ogullary bolupdyr. Uly ogly Gurbandurdy, Zeliliniň at dakylany 30 ýaşynda ýogalypdyr. Öz döwrüniň sylanýan adamlarynyň biri bolan Mämmetdöwlet ogullarynyň hem akylly, il arasynda sylag-sarpaly adamlar bolup ýetişmegini gazanypdyr.

Bizi myhman alan üç uýanyň kakasy Jumadurdy 1907-nji ýylda doglup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar we 1944-nji ýylda agyr ýaralanyp dolanyp gelýär. Ol 1977-nji ýylda aradan çykýar.

Geçen ömür menzillerini serinde aýlap oturan uýalardan Ogulbike enäniň söhbet etmäge has-da ökdedigini aýdyp goýanym ýagşy. Ol şeýle gürrüň berýär:

— Biz üç uýa, ýaňam aýdyşym ýaly, Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň çowluklary. Döwletmämmet Azadynyň Zübeýda diýen gyzynyň bolandygyny hemmämiz bilýändiris. Zübeýdadan hem Hurma dünýä inýär. Hurmadanam Gurbandurdy bilen Nepes dogulýar. Zeliliniň 50 ýaşynda bir ogly bolýar, oňa-da Mämmetdöwlet diýip, kakasynyň adyny dakypdyr. Maňa bu gürrüňleri, ine, şol Mämmetdöwletiň aýaly Hallybibi enemiz aýdypdy. Hallybibi ene 100 ýaşady. Ýazyjy Towşan Esenowa 1960-njy ýylda egindeşleri bilen obamyza gelende, Hallybibi enemiziň aýdanlary esasynda biziň nesil daragtymyzyň çyzgysyny taýýarlapdyr — diýip, Ogulbike ene bize mundan 64 ýyl ozal taýýarlanan şol çyzgyny görkezdi we söhbedini dowam etdi: — Mämmetdöwlet biziň atamyz bolýar. Maşgalamyzda bizden başga oglan doganymyzam bolupdyr, ýöne ol ir ýogalypdyr.

Magtymguly Pyragy barada aýtsam, ol biziň baba ugrumyz bolýar. Şonuň üçin Zelili «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, daýysy Magtymguly ýaly hem şahyr, hem zergär bolupdyr. Altyn-kümüş şaý-sepleri ezberlik bilen sünnäläp ýasaýan eken. Onuň ýasan şaý-sepleri ogly Mämmetdöwlete galypdyr. Mämmetdöwletem olary Hallybibi enemize sowgat beripdir. Olam öz gezeginde gyzy Nurygyza geçiripdir. Şeýdip arkama-arka aýlanyp gelýän şol şaý-sepleriň käbiri muzeýe tabşyrylypdyr, galanyny bolsa güýçli sil gelip, obany suw alanda ýitipdir. Ýene-de bir zady aýratyn belläsim gelýär. Ol hem aslymyzyň Magtymguludan, Zeliliden gaýdanlygyndan bolsa gerek, atamam, kakamam watançylyga, durmuşa, edep-ekramlylyga degişli goşgulary ýazypdyrlar.

Şu ýerde Ogulnur ene hem söze goşulyp, ýadynda galan pursatlary, gören-eşidenlerini gürrüň bermäge başlady:

— Nurygyzyň öýünde saklanyp galan palas barada aýdaýyn men. Ol palasyň Zeliliniň maşgalasyna Döwletmämmet ahunlardan düşendigini enem gürrüň bererdi. Şol palas biziň günlerimize-de gelip ýetip, Magtymguly etrabynda ýaşaýan garyndaşlary Lälegülüň öýünde saklanypdyr we soňra ony-da muzeýe tabşyrypdyrlar. Şeýle-de Hallybibi ejäniň öýünde Zeliliniň ulanan owadan çäýnegini-de Magtymgulynyň muzeýine tabşyrypdyrlar. Mundan başga-da enemiň gürrüň bermegine görä, garry atam Zelili Seýitnazar Seýdi bilenem gowy gatnaşykda bolupdyrlar. Olar Hywa medresesinde dostlaşyp, dogan okaşypdyrlar. Medresäni tamamlanlaryndan soňra, Zelili bilen Seýdi Magtymguly Pyragynyň öýüne gelipdirler. Şonda Magtymgulynyň Seýdiniň ýokary adamkärçiligine, döredijiligine diýseň göwni ýetip, oňa ak pata beripdir.

Aslymyzdan gelýän ýol-ýörelge häzirem dowam edýär diýsem ýalançy bolmaryn. Ine, Durdybike hem goşgy ýazardy, onuň adamsy Orazaly bolsa il arasynda Polly şahyr ady bilen tanalýar, köp goşgulary meşhur aýdymlara-da öwrüldi — diýip, Ogulnur enäniň sözüni jemlärine mähetdel Durdybike ene hem söhbede goşuldy:

— Hawa, uýam dogry aýdýar. Ýanýoldaşym Orazaly toýlarda aýdym aýdardy, saz çalardy, şahandaz adamdy. Goşgulary jemlenen kitabam bar. Özümem sähel zada begensem, gynansam, galama ýapyşanymy kem görmeýärin. Öz pederlerimiziň diňe bir döredijilik ýoluny däl-de, eýsem, olaryň atlaryny-da arkama-arka çagalarymyza dakyp, şolaryň ýollarynyň ýitmezligi barada hem aladalanýarys. Ine, iň kiçimiz Ogulbikäniň oglunyň ady Zelili, gyzynyň ady hem Hally.

Biz çaga döwrümiz enem hemişe garry atam Zelilä Magtymguly Pyragynyň ýazyp beren kitapça görnüşindäki golýazmasynyň daşyna ýörite matadan gap tikip, ony törden asyp goýardy. Çagalarynyň haýsy biri dümewlese, gije ýatanynda şony başujumyzda ýa-da ýassygymyzyň aşagyna salyp goýardy, şony tumar hökmünde ulanardy, ynanjymyza görä şol ähli görner-görünmez bela-beterden bizi goraýardy. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragyny, Zelili şahyry ýatladýan her bir zat — biz üçin gymmatly, mukaddes. Nesip bolsa, biziň ogul-gyzlarymyzdyr agtyk-çowluklarymyzam bu däbi dowam etdirer.

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli mirasymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň döredijiliginiň öwrenilmegi, dünýä ýaýylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu ýyl tutuş türkmen halkynyň göz guwanjy beýik Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegine başymyz gök direýär. Özümiziň şeýle beýik ynsana dahyllydygymyza örän buýsanýarys. Magtymguludan başlap, ähli nusgawy şahyrlarymyza belent hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize müň keren alkyş aýdýarys.

Hawa, bagtyýar eneleriň ýüreklerinden syzdyryp aýdýan bu gürrüňleri, alkyşlary döwrümiziň ajaýyplygyndan habar berýär. Öz halkyna ajaýyp döwri, berkarar ýurdy, bagtyýar durmuşy arzuw edip giden beýik şahsyýetleriň nesilleriniň şeýle döwürde, şeýle ýurtda we şeýle durmuşda ýaşaýandygy bolsa, gör, neneňsi guwanylmaly, buýsanylmaly hakykat!

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 11.04.2024

Tmpedagog