29.03.2024 Gollanma155 .

Akyldar şahyryň eserleri ruhy hazynadyr


Türkmen edebiýatynda öz döredijiligi bilen häzirki wagtda hem türkmen halkynyň aňynda ýaşaýan şahyrlaryň biri Magtymguly Pyragydyr. Şahyryň eserlerinde geçmişi, geljegi, şu güni şöhlelendirýän many-mazmun bar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Milli Liderimiziň bu goşgusynyň her bir setiriniň çuňňur many-mazmuna eýe bolup, onuň ata Watana, ene topraga, türkmen edebiýatyna bolan söýgini beýan edýändigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Bu günki ajaýyp zamanada Magtymguly Pyragynyň kitaplary dürli dillere terjime edilip, dünýä döwletlerinde hem nusgalyk kitaplaryň birine öwrüldi. Şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň eserleri Jemşidiň Jamyna deňelýär, çünki şahyryň goşgularynda islendik mesele babatda ýüze çykýan sowala jogap tapyp bolýandygyny görmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindedir, göwünleri ganatlandyrmagyndadyr, adamlary heýjana getirmegindendir” diýýär.

Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy dürli temada, goşgy düzülişiň dürli görnüşlerinde goşgularyny ýazypdyr. Şahyryň goşgularyny okanyňda, onuň gazal, goşuk, murapbag, muhammes, müseddes ýaly goşgy düzülişiň dürli görnüşlerinden peýdalanandygyny görmek bolýar. Onuň döredijiliginde watançylyk temasy aýratyn orun tutýar. Ol türkmen tire-taýpalarynyň birigip, bir döwlete gulluk etmeklerini isläpdir. Şahyryň “Döker bolduk ýaşymyz” goşgusynda özbaşdak döwlet baradaky eden arzuwlaryny görmek bolýar. Edil şonuň ýalyda türkmen taýpalaryny birleşdirmek,özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň “Türkmeniň” we “Türkmen binasy” atly goşgularynda özüniň çür depesine ýetýär.

Beýik söz ussadynyň çeper döredijiliginde ynsanyň ahlak ýörelgelerini öz içine alýan öwüt-ündew häsiýetli şygyrlary ep-esli orny eýeleýär. Şahyryň şygyrlarynda pederlerimiziň asylly ýörelgelerini görmek bolýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary aýratyn many-mazmuna eýe bolup, nesil terbiýesinde hem gymmatly hazyna öwrüldi. Akyldar şahyr adamlaryň hoşsözli, hoşgylaw bolmagyny ündäpdir. Muny onuň «Sözi geçer janyňdan» atly şygryndaky:

Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,
Soksa, zähri asan çykmaz iniňden

– diýen dana setirleriniň mysalynda hem düşündirmek bolýar. Bu setirler ata-babalarymyzyň pähimi bilen döredilen «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» diýen nakyly biygtyýar ýadyňa salýar. Sözüň gudratyna göz ýetiren akyldar ýerlikli, jaýdar sözleriň her bir zatdan rüstemdigine göz ýetiripdir. Bu barada şahyryň:

Söz manysyn aňmaz adam, Bir guýruksyz ite meňzär– diýen setirlerini hem görkezmek bolar. Akyldaryň eserlerinde öňe sürülýän meseleleriň biri-de syr saklamaklykdyr. Ol her bir öýüň syry, işleýän iş ýeriň syry, gatnaşyk edýän dost-ýarlaryň syry, ylaýta-da, Watan syry ýaly onlarça ahlak kadalaryny, meseleleri öz içine alýar.

Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni,

ýa-da:

Magtymguly, syryň gizle,
Her namarda paş bolmasyn ,

Şeýle ahlak ýörelgeleri şahyryň islendik şygrynyň mysalynda yzarlamak bolýar. Beýik akyldaryň durmuşyň köp meselelerini öz içine alýan ajaýyp şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä halklarynyň kalbynda orun alypdyr. Muňa görnükli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň çyn ýürekden çykan sözleri hem şaýatlyk edýär: «Häzir Magtymgulynyň ady köp dillerde, şiwelerde ýaňlanýar. Onuň pikirleri, onuň owazy özüniň bar wagtyndaky şöhratyndan hem meşhurlygyndan kän esse artdy, kän dereje ýokary galdy. Häzir hakykatdanam, gymmatly zatlaryň ählisi pähim edýän jemgyýetçiligiň hemmesiniň umumy medeni baýlygyna öwrülýär. Magtymgulynyň sözleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir». Parasatly söz ussadynyň köp taraply ölmez-ýitmez döredijiligi halklaryň kalbyna barha nur saçýar.

Döredijiliginde türkmen halkyna dogry ýoly ündän Magtymguly Pyragynyň bu günki gün arzuwlan zamanasy geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys.

Ençema ýyllar geçse-de, şahyryň eserleri ýaşlar üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Gara Seýitliýewiň şeýle setirleri bar:

Dür söz bilen dünýä özün aldyran, Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez, Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz. Dünýä durdugyça durar Pyragy, Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.

Hakykatdan-da Magtymguly Pyragy asyrlar aýlansa-da, heňňamlar geçse-de biziň aramyzda ebedi ýaşar. Ähliňizi şahyryň 300 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyryp, olaryň şöhratyny barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdýarys.

Gülälek SÖÝEŞOWA,
Balkanabat şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.



Tmpedagog