29.03.2024 Gollanma82 .

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy


Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Taryhy alyslara uzap gidýän bu şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüdiň 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilmegi, soňra hormatly Prezidentimiziň bu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekmegi taryhy waka boldy. 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda doganlyk Azerbaýjanda geçirilen «Şuşa — Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy diýen wezipe hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany Türkmenistanyň wekiliýetine gowşuryldy. Şol wakanyň yzysüre onuň hormatyna Änew şäherinde şatlyga beslenen dabara geçirilipdi.

Änew medeniýeti türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalaryň şaýady bolup, açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde seleňläp duran taryhy ýadygärlikleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu şatlykly günlerde halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň hem Änew medeniýetine, bu gadymy şähere bagyşlanmagy has-da buýsançlydyr.

Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eýýamymyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. 2005-nji ýylda Änewde ençeme gadymy tapyndylary özünde jemleýän Milli «Ak bugdaý» muzeýi döredildi. Munuň özüne mahsus düşündirişi bardyr. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Mundan bir asyr ozal Änew medeniýeti amerikan geology Rafael Pampelliniň ylmy barlaglary netijesinde ilkinji gezek dünýä äşgär boldy.

Änewde Seýit Jemaleddin ady bilen belli bolan orta asyr metjidi täsinligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ol XV asyrda bina edilipdir. Metjidiň öň tarapynda Horasany dolandyran Timurid şanyň (1447-1457-nji ýyllar) ogly Abul-Kasym Baburyň başda durmagynda bina edildi diýlip aýdylýar. Metjit Abul-Kasym Baburyň weziri Muhammet Hudaýkary, soňra bolsa, Soltan Huseýin Baýkary tarapyndan gurlupdyr diýlip çaklanylýar. Änew metjidi jaýlaryň 17-sinden ybaratdyr. XV asyr bilen senelenen sardoba hem uly gyzyklanma döredýär. Onuň içki diametri 6,5 metre barabar bolan tegelek howuzy bar. Sardobanyň günorta tarapynda 2,5 metr aşak düşülýän basgançaklar bar. Sardoba 200 müň litre barabar suw ýerleşipdir. Seýit Jemaleddin metjidi örän çylşyrymly desga bolup, metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir. Seýit Jemaleddin metjidi (XV asyr), käbir ýazgylarda «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylypdyr. Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit syrça bilen bezelipdir. Peştagyň syrçaly bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr, onda biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüşip gelýän iki sany aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygrak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy syrça düşegiň üstünde towlanyp barýar, şol ownuk ösümlik nagyşlary jandarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar. Seýit Jemaleddin metjidi 1948-nji ýylyň ýer titremesinde uly zyýan görüpdir. Şuňa meňzeş aždarhalaryň dini ymaratda şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga gabat gelmeýär. Taryhçylar Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmegini bu jandaryň XV asyrda bu ýerde ýaşan esasy türkmen taýpasynyň totemidigi bilen düşündirýärler. Bu nagşyň şekilleri türkmen eneolitiniň (mis-bürünç zamanynyň) küýze nagyşlary üçin häsiýetlidir we türkmen haly sungatynda häzir hem dowam edýär.

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejesi üstümizdäki ýylda has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan türkmen şäheriniň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli waka bolar.

Bu gün gadymy Änewde TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden myhmanlar, medeniýet we sungat ussatlary türkmen halky bilen bir dogan deý agzybirlikde toý toýlaýarlar. Häzirki Änew diňe bir geçmişden ýadygär bolman, eýsem çalt ösýän, özgerýän, döwrebap şäherdir. Häzirki zaman jaýlar, mekdepler, çagalar baglary, sport mekdepleri raýatlaryň rahat durmuşyny we ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýär. Gözel künjekde bina edilen «Türkmeniň ak öýi» binasy esasy dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Geçmişde türki dünýäsini birleşdiren, Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy bolan Änew ýene doganlyk halklary yssy gujagyna ýygnaýar. Bu toprakda beýik döwletleri guran türkmen şöhratly taryhy bilen dünýäde ýene dabaralanýar. Asyrlaryň dowamynda dünýä jahankeşdeleriniň, alymlarynyň ünsüni çekip gelen gadymy topragymyz, goý, mundan beýläk hem güllesin, gül açsyn! Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 27.03.2024

Tmpedagog