29.03.2024 Gollanma60 .

Çarwa ýörelgesi


Çarwa nowruzynda ýere ýyly gidensoň, sähralarda ýuwa, ýelmik gögerip, älem-jahan lälezarlyk bolýar. Çarwalaryň durmuşynda bu döwürde owlak-guzy möwsümi hem başlanýar. Bu möwsüm gaty jogapkärçilikli möwsüm. Çünki onuň gelşi bilen bagly: «Hut, hut gowy gelsem — gazan süýt, erbet gelsem — kellebaşaýak üt» diýen aýtgy döräpdir.

Täze doglan guzy enesiniň owuz süýdünden gana-gana emip, dessine höwrügip aýaklanýar. Guzujyk: «Meni owuz süýdünden doýruň-da, buzuň üstüne ataýyň» diýermiş diýip, bu ugurda köp «çorba sowadan» halypa çopanlar gaýtalaýarlar. «Goýundan ak-da doglar, gara-da» diýlişi ýaly, käbir guzyny enesi almaýar. Şeýle guzujygyň janyna howp salýan ýagdaýy düzetmek üçin hem çarwalar dürli usullary ulanypdyrlar. Olar guzlan goýunlary sanalandaky ýaly dar ýerden ýeke-ýekeden geçiripdirler. Goýun geçende guzusy hem yzyndan ylgap geçip, enesi bilen tapyşypdyr. Süriniň içinde ýek-tük enesi almaýan guzy bar bolsa, äşgär bolupdyr. Şeýle usul bilen haýsy goýnuň guzusyny almaýandygy seljerilipdir. Soňra bolsa guzuly goýun sygar ýaly ýörite garym gazylypdyr. Ony «körpeç» diýip atlandyrypdyrlar. Ene goýun bilen guzujygy bir gije-gündiz şonuň içinde saklapdyrlar. Gidere ýeri galmaýan ene goýun bialaç guzusyny almaly, emdirmeli bolupdyr.

Narmamet TÄJIBAÝEW,
Şabat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 28.03.2024

Tmpedagog