20.03.2024 Gollanma291 .

Milli Liderimiziň romanlarynda Magtymguly Pyragynyň ruhy keşbi


Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi döredijilik dünýäsini baýlaşdyran ,,Älem içre at gezer” we ,, Döwlet guşy” romanlarynda türkmen halkynyň beýik söz ussady, filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik dünýäsi çeper suratlandyrylýar. Bu eserlerde onuň döredijiligine orun berilmeginde uly many bardyr. Milli Liderimiz öz eserlerinde Pyragynyň döredijilik dünýäsine ýüzlenip uly bir täzeçillik getirdi. Häzirki wagtda milli we dünýä edebiýatynda akyldar şahyrymyzyň durmuş ýoluny suratlandyrýan birnäçe uly göwrümli eserler döredildi, emma şu wagta çenli beýik söz ussadynyň ruhuny, onuň şygyrlaryny öz eserlerine siňdirip, maňzyna ýetirip bilen uly göwrümli eser döreden ýazyjy bolmandy. Munuň hötdesinden hut Gahryman, alym Arkadagymyz geldi diýsek ýalňyşmarys. Milli Liderimiz öz eserlerinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp keşbini suratlandyrmak bilen gahrymanlaryň keşplerinde milliliklerimizi açyp görkezmegi başardy. Gahryman Arkadagymyzyň ,, Älem içre at gezer” romanynyň beýik söz ussadynyň şygyr setirinden bolmagy, romanyň başynda ,, Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar”, ,,Tälim beren ussadyňdan aýrylma” ýaly epigraflaryň alynmagyda buýsançly ýagdaýdyr.

Romanlaryň ikisinde hem Berdimuhamet mugallyma Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we Anna agadan miras galan akyl sandyklary hazynasy ruhy hemaýatçylar bolup hyzmat edýär. Ikinji bir tarapdan awtoryň Pyragynyň döredijiligine içgin belentdiginiň anyk mysalydyr.

Milli Liderimiz ,,Älem içre at gezer” we ,,Döwlet guşy” romanlarynda Magtymguly Pyragynyň ruhy keşbi bilen eseriň gahrymanlarynyň keşpleri berk sazlaşýar. Romanda hereket edýän gahrymanlar öz işlerinde, durmuşda Pyragynyň döredijiliginden ugur alýarlar. Romanyň baş gahrymany Berdimuhamet mugallym bilen Magtymguly Pyragynyň arasynda örän köp baglanyşyklary duýmak bolýar. Magtymguly Pyragy öz döwründe parahat durmuşy isläp halkyny agzybirlige çagyran bolsa, Berdimuhamet mugallym hem halkyň ylymy-bilimli bolmagy ugrunda göreşen şahsyýet. Magtymguly pyragy bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alan bolsa, Berdimuhamet mugallym hem öz kakasy Anna agadan miras galan ,, Akyl sandyklary hazynasyndan alyp kämilleşýär.

Romanda Berdimuhamet mugallym mugallymçylyk işine başlanda hem Magtymguly Pyragynyň:

Owal, Magtymguly özüň düzetgil
Ondan soň özgelere göz etgil.

-diýen setirlerinden ugur alýar.

Berdimuhamet mugallym dilçileriň birinji konferensiýasyna hem gatnaşmagy, onda örän manly çykyş etmegine hem Magtymguly Pyragynyň dür deýin setirleri we ,, Akyl sandyklary “ hazynasy ýardam edýär. Berdimuhamet Annaýew gazaply söweş meýdanynda duşmanlara garşy söweşýän pursatlarynda beýik akyldaryň şygyrlary ruhy lezzet berýär. ,, Älem içre at gezer” romanynda bu pursatlar:

Ol söweş meýdanynda şeýle duýgulary başyndan geçirýär.

,,Agzalalyklar we uruşlar zeraly köp gerçekler ykbaly ters gelen parahatçylygyň gadyryny özgelerden gowy bilýär. Emma Pyragynyň her bir goşgy setiri agzybirlige, parahatçylyga eýlenmänmi?

Eger-de duşman seniň topragyňa seniň halkyňy yok edip, seni gul-gyrnaga öwürmek maksady bilen gelen bolsa,näme?

Bu sowala Magtymgulynyň şu setirlerinden jogap tapmak bolar.

Gorka-gorka üflüs ýagdaýa düşdük,
Takdyr näme bolsa görülsin indi,
Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik
Degme, gan joşup öýrülsin indi

–diýen setirlerinden jogap gözlemelidigi barada nygtaýar.[6,197s]

,,Döwlet guşy” romanynda hem beýik akyldaryň ruhy keşbi, şygyrlary belentliklere göterilýär. Bu romanda hem Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi bilen bagly pursatlar ýüze çykýar. Romanyň gahrymany Mälikgulynyň kaksy bilen bagly salam hatlaryny ýazjak wagtyndaky içgepletmelerinde: ,, Nesip bolsa, kaka, geleniňizde uly toý edeli diýmeli. Obanyň ähli adamlaryny çagyrarys. Adamlara palaw çekerin, çaý çekerin. Eger isleseler Magtymgulynyň goşgularyndan okap bererin”

ýa-da bolmasa ýene-de bir mysal kolhoz başlygy Mody aga Berdimuhamet mugallymy ýatlap şeýle diýýär:,, Kä gün bolsa Berdimuhamedi diňlärdi. Ol bize köp kitaplardan okap bererdi. ,, Zöhre-Tahyr”, ,,Şasenem-Garyp”, ,,Leýli-Mejnun”, ,,Ýusup-Ahmet”, ,,Baba-Röwşen”, ,, Zeýnalarap” ýaly dessanlar, Magtymguly , Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly şahyrlaryň kitaplary okalardy, iň köp okalýan Magtymgulydy, Göroglydy”]

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary edep-terbiýäniň mekdebi. ,,Döwlet guşy” romanynyň baş gahrymany Mälikgulynyň edep-terbiýeliliginiň özeninde hem Pyragynyň gyzyldan gymmatly şygyrlaryna bolan belent söýgi ýatyr. Ol ony doslaryna halk köpçüligine geçirmek isleýär. Romanda bu pursatlar şeýle berilýär;

,, Hyýalynda ol Nikolaý bilen köp-köp söhbet edipdi. Oňa Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan hem okap bermekçidi. Ony gaýdyp görmejekdigine biçak gynandy.” Asylynda romanda bellenilşi ýaly Mälikguly dosty Nikolaý bilen uruşdan soň hat alyşjakdygyny, mekdebi gutaryp bir ýokary okuw mekdebinde bile okajakdygyny, bile işleşjekdigini, dogan ýaly gatnaşjakdygyny entäk bilmeýärdi. Şonda olaryň Magtymguly hakynda az pikir alyşmandyklaryna ynanmazlyk mümkin däl.’’

Mälikgulynyň keşbini döretmekde , onyň keşbini açyp görkezmekde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hormatly Arkadagymyza uly hyzmat edipdir. Mälikgulynyň her bir sözleýän sözlerinde Pyragynyň şygyrlaryndan alnan setirler, onuň aýtjak bolýan pikirini doly esaslandyrmaga ýardam edýär:

,, -Eý Aşyr, Weli, goýsaňyz-laň beýle sözi. Biz ýaňy on iki ýaşady-ga. Söýgi adama on dört ýaşdan soň gelýär. Allatagalla adam ömrüniň her ýedi ýylyny bir maksat üçin ýaradypdyr. Biz häzir ikinji ýediligiň içinde , biziň ýaşymyz dünýäni tanamak ýaşy. Ine on dört ýaşarys, on bäş ýaşarys. Magtymguly: ,, On bäşimde gyzlar girdi düýşüme” diýýär-ä” –diýen setirlerden görnüşi ýaly bu ýerde hiç hili dawa-jenjel ýer galmaýar. Sebäbi Magtymgulynyň setirlerinde bu hakykat bar. ‘’

,,Döwlet guşy” romanynyň ,,Gözel söýgä toba ýok” diýen bölüminde Pyragynyň ,,Gözel sen” atly şygyry getirilmegi birinjiden Berdimuhamet mugallymyň maşgalasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uýup, ony her bir işde ulanylýandygyny görkezse ikinji bir tarapdan bolsa Mälikgulynyň sowatly-bilimli adamdygyny äşgär edýär.

Mälikgulyny gören doganlary ýylgyrşyp şu goşgy setirlerini aýdýarlar;

,,Her kim güýçli bolsa oňa pir diýrler,
Dertli guluň dermanyny biýr diýrler,
Gawunyň ýagşysyň şagal iýr diýrler,
Aşyk Suhanberdiniň paýýy Gözel sen.

Mälikgula doganlarynyň syrly ýylgyryşmalary, Magtymgulynyň ,,Gözel sen” atly goşgusyny içerini ýaňlandyryp okamaklarynyň hikmeti düşünikli boldy”

Oňa Suhanberdiniň Gözele ýazan haty gelýär.

,,Döwlet guşy” romanynda getirilýän Pyragynyň ,,Ýeldim tut” goşgusyny ýaşajyk Mälikgulynyň köpçüligiň içinde aýdyp berýär. Halk ony näçe diňlese-de ondan ganyp bilmeýär. Esasan-da, Berkeli aga her gezek goşgy oklanda mahlasy Magtymguly Pyragynyň özi goşgy okaýan ýaly ,, gaýrat et bürgüdim” diýip goşgyny aýtmagy haýyş edýär.

Eýsem-de şol kynçylyky, gazaply uruş ýyllarynda bu goşgy halkyň teşne kalbyna ýiti täsir edýär. Megerem, Magtymguly Berkeli aganyň dadyna ýetişmedik bolsa alty dogany, iki ogly ölen, iki ogly ýiten, bir ogly hem ysmaz bolup ýatan Berkeli aga bu dünýäden ahmyrly bolup öterdi. Emma ol ,, Ýeldim tutdan” ruhlanyp ýaşamagyny dowam edýär.

SERDAR ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13 -nji orta mekdebiň mugallymy.



tkamm.gov.tm

Tmpedagog