20.03.2024 Gollanma765 .

Gelse nowruz äleme...


Ýaz paslynyň täsin görnüşleri her bir adamyň ruhuny göterýär. Ýazyň gelmegi bilen ene topraga ýyly girip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese bürenmegi, gülälekdir jümjümeleriň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň joşgunynyň, läle-reýhanlygynyň keşbidir.

Halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny hemişe tebigat bilen berk baglanyşdyrypdyr. Bahar-ýaz paslynda ýazlaga çykyp, tebigatyň gözelliklerine maýyl bolýan adamyň kalby sähranyň özi dek giňeýär. Ynsan dünýäsini ajaýyp duýgulardan, ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny has-da joşdurýar.

Bütin jümleýi-jahany alaýaz edip, bereketli türkmen topragyna Nowruz geldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylyr duman peýda,
Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,
Görmedigin giýalar, gögerip rowan peýda,
Aýdarlar haýwanatga, hem sudy-zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabesde dahan guşlar, kylarlar zyban peýda,

diýip, taryplan Nowruz baýramy, özi bilen täze bir ýakymly ýaz durmuşyny alyp gelýär. Nowruzda tebigata bahar gülleri keşde çekip, ene toprak ýaşyl dona bürenýär. Nowruzyň mymyk ýelleri, ter gülleri, diňe tebigata däl, adamzat durmuşyna-da täzelenişi sowgat edýär. Nowruzda gije-gündiziň ýazky deňleşmesi bolup, asyrlar aşyp gelýän daýhan hem çarwa hasaplary bardyr. Şeýle-de miweli we saýaly agaç nahallary oturdylýar. «Biziň elimiz däl, babadaýhanyň eli» diýip, ýaşulularyň ak pata bermeginde, ýere tohum sepilip, geljekki hasylyň düýbi tutulýar.

Bu döwürde ekerançylyk işleri giň gerim alýar. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz ýagşy geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimler hem bu baýramyň ekerançylyk ähmiýetli bolandygyny aýan edýär. Nowruz her bir adamy täze tutumlara galkyndyrýar.

Nowruzyň gadymy baýramdygy folklor eserlerinde, arassa ahlaklylyk, lebzi halallyk, pähim-parasatlylygy ündeýän nakyllarda, atalar sözlerinde, lälelerde, monjugatdylarda aýdyň beýanyny tapýar. Köpöwüşginli däp-dessurlary özünde jemleýändigi Nowruz baýramynyň tapawutly aýratynlygydyr.

Nowruz güni dünýä inen çagalara Nowgül, Nowbahar, Täzegül, Nowruz ýaly atlar dakylypdyr. Gadymdan gelýän däbe görä, Nowruzda baýramçylyk saçagynyň esasy tagamlarynyň biri bolan semeni taýýarlanýar. Semenini bişirmek il içinde hormatlanýan zenanlara ynanylypdyr. Zenanlar semenini taýýarlanlarynda köp çagaly, döwletli enelerden ak pata alypdyrlar. Taýýarlanan semenide Äşe-Patmanyň aýasynyň ýa-da Hydyr Atanyň penjesiniň yzy galsa, onda «Täze ýyl rysgally, bagtly ýyl bolýar» diýlip umyt edilýär. Ene-mamalarymyz semenini agaç tabaklarda, syrçaly küýzelerde saklapdyrlar. Mundan başga-da, Nowruz köjesi, palaw, gaýnatma, buglama, çekdirme, tamdyrlama, kürtük, ýumurtgaly, etli, gökli, kädili börek, mäşewe, unaş, bugdaý ýarmalary, şüle, işlekli, dograma, kebap, batyrma, kakmaç, balykdan dürli milli tagamlarymyz taýýarlanýar. Nowruzyň öňüsyrasynda öý-içerä, bag-bakjalara serenjam bermek däpleri berjaý edilipdir. Maddy we ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. Çünki bu baýramçylykda milli däp-dessurlar, aýdym-saz, tans, folklor eserlerimiz millilige mahsus ýagdaýda ýerine ýetirilýär. Ýaş nesillerimiz bolsa «aýterek-günterek», «göreş», «ýaglyga towusmak», «aşyk oýny» ýaly milli oýunlarymyzy ýerine ýetirip, toý şatlygyny has-da artdyrýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde uly orun eýeleýär. 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde-de giňden dabaraly bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli bahar baýramy— Halkara Nowruz güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda baýramçylyk dabarasy uludan tutular. Toý-baýram gününde aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlanar. Pälwanlar bil tutluşsa, sungat ussatlarynyň täsin çykyşlary toý märekesini maýyl eder. Mahlasy, Nowruz ýaýlasy hakyky baýramçylyk ruhuna beslener.

Milli toý-baýramlarymyzy ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 20.03.2024

Tmpedagog