18.03.2024 Gollanma136 .

Köýtendag — tebigatyň täsin eseri


Hawa, Köýtendag — tebigatyň döreden ajaýyp eseri. Bu täsin mekanyň gözellikleri barada taryhda ilki bolup ýunan taryhçysy Diodor Sisiliýaly öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Bu günki gün bolsa Köýtendagyň täsin künjekleri, ol ýerdäki dinozawrlaryň aýak yzlary dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär.

Köýtendagyň gözel ýerleriniň her biri barada gyzykly eser döredip bolar. Sebäbi ol ýerlere baran ynsanyň kalbynda ylham gaýnap, döredijilik joşguny emele gelýär. Bu täsin mekan barada köp sanly rowaýatlaryň döredilendigini hem şol ylham joşguny bilen düşündirip bolar. Şol rowaýatlaryň birinde Köýtendag ynsanlaryň hemaýatkäri hökmünde öňe çykýar. Rowaýatda gaýduwsyz söweşen Umbar atly ýaş esger ýagynyň agdyklyk etmegi sebäpli, ähli ýoldaşlaryny ýitirýär. Ol uçut gaýanyň gyrasyna gelende, Köýtendagdan hemaýat soraýar. Dag hem ýaş ýigidiň ýürek sesine jogap edip, iki uçut gaýany at böküp geçer ýakynlykda golaýladýar. Şeýdip ýaş ýigidi duşmandan halas edýär. Ýaş esgeriň haýyşy bilen emele gelen jülgä bolsa «Umbar dere» diýen at galýar.

Asyrlaryň aňyrsynda galan döwürlerde dinozawrlaryň mekany bolan Köýtendagyň täsinlikleriniň biri-de dag ýüzündäki äpet harsaňlardyr. Leýlimekan obasynyň töwereginde her biri özboluşly, täsin görnüşli, şeýle äpet daşlaryň ýüzlerçesine duş gelmek bolýar. Alysdan seredeniňde baýyrlaryň ýüzünde äpet kömelekler gögeren ýaly duýgyny döredýän bu daşlar bilen baglanyşykly ýerli ilat tarapyndan dürli gürrüňler aýdylýar. Alymlar olaryň peýda bolmagyny Köýtendagyň millionlarça ýyl mundan öň ýyly suwly deňziň düýbünde ýerleşendigi bilen düşündirýärler. Hatda bu jelegaýlarda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň peýda bolmagy barada-da şeýle pikirler öňe sürülýär.

Bu daşlary geologlar «konkresiýa» diýip atlandyrýarlar. Ýerli ilat bolsa olara «Kelle daş» diýip at beripdirler. Golaýdan synlanyňda, olaryň hersi ussat heýkeltaraşyň elinden çykan ýaly duýgyny döredýär. Sebäbi olaryň biri beýlekisine meňzemeýär. Olaryň arasynda ikä bölünenleri-de bar. Hatda olaryň nepislik bilen «ikä kesilişi» hem «Güýçli enjamyň täsiri bolandyr» diýen pikiri döredýär.

Şeýle daşlar Magdanly şäheriniň golaýynda Balahana belentliginde hem bar. Ululygy 15 santimetrden 2 metre çenli bolan dürli ululykdaky daşlar dag eňňidiniň ýüzündäki bir gektara golaý meýdana «seçelenipdir»...

Maýagözel BAZAROWA,
Saýat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 15.03.2024

Tmpedagog