13.03.2024 Gollanma49 .

Oklukirpi


Oklukirpi gemrijiler maşgalasyna degişlidir. Olaryň bedenleriniň uzynlygy bir metre, agramy 27 kilograma çenli bolýar. Oklukirpileriň arkalary, gapdallary we guýruklary iňňe tikenleri bilen örtülendir. Tüýleriniň reňki goňrumtyl bolup, ýumşak we keçe pisintdir. Iňňe tikenleri alaja reňkde bolup, uzynlygy 40 santimetre, ini bolsa 7 millimetre golaýdyr. Guýrugyndaky ak iňňeleri biraz gysga bolsalar-da, beýlekilerden gaty we ýogynrakdyr. Oklukirpiniň iňňeleriniň ujy örän ýiti bolup, duşmanyny ýaralap bilýär.

Tebigaty öwreniji Öwlüýäguly Gurbanow Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çap edilen «Guba çägedäki towşan yzlary» atly kitabynda oklukirpiniň duşmanlaryndan goranyşy hakda şeýle ýazýar: «Oklukirpileriň esasy aýratynlyklary bolan guýrugyndaky we arkasyndaky ala-mula iňňelere «oklukirpiniň oky» diýilýär. Ol oklar oklukirpileri her hili duşmanlardan goraýarlar. Oklukirpiler gorananlarynda, duşmanyna tarap arkasyny öwürýärler we gaçmak bilen bolup, ony yzyna düşmäge mejbur edýärler. Duşmanynyň yzyndan ýetip, has golaýlanyny duýanlarynda bolsa, oklaryny hüžžerdip, birden sakga durýarlar weli, ol badyny saklap bilmän, naýza ýaly gezelişip duran ýiti uçly oklaryň üstüne ýykylmaly bolýar. Onsoň onuň duşmanlary awuly oklaryň yzasyna çydaman, oklukirpini öz gününe goýmaga mejbur bolýarlar».

Dünýäniň ähli yklymlarynda duş gelýän oklukirpiler biziň ýurdumyzda Garagum sährasynda, tokaýlyklarda, daglarda we dag baýyrlyklarynda ýaşaýarlar. Olar hinlerini öwrüm-öwrüm görnüşde gazyp, başga haýwanlar gelmez ýaly gorag döredýärler.

Oklukirpiler ýaz paslynyň ilkinji günlerinde jübütleşmäge başlaýarlar. Iki ýarym aýdan soň, iki-üç sany çagajyk dünýä inýär. Ýumruk ýalyjak çagajyklaryň şar gara uzyn gyllary bir hepdäniň içinde gatap, iňňä öwrülýär hem-de duşmanyna sançmaga ýaraýar. Olar iki ýyla çenli ene-atalarynyň ýanlarynda bolansoňlar, özlerine taý tapyp, maşgala bolýarlar. Özbaşyna maşgala bolan oklukirpiler beýleki kowumdaş maşgalalary bilen gatyşmaýarlar.

Olar gündizine çuň sürenlerinde uklap, iýmitlenmek üçin gije çykýarlar. Ýazyna ösümlikleriň baldaklary, ýapraklary, kökleri, tomsuna we güýzüne miweleri, tohumlary, gyşyna bolsa gyrymsy ösümlikleriň gabyklary bilen iýmitlenýärler.

Biziň ýurdumyzda oklukirpileri awlamak we tutmak gadagandyr. Olar tebigy goraghanalarda goralyp saklanylýar we köpelmegi üçin mümkin bolan şertler döredilýär.

Ýazgül Allekowa,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
136-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 13.03.2024

Tmpedagog