10.03.2024 Gollanma46 .

Nowaýy – akyldar şahyr


Çatryk dürli ýollaryň birbada hem çatyşýan, hem aýrylyşýan ýeri. Edebiýat ýollarynyň çatrygy hem şonuň ýaly. Hemmämizi bir nokada birikdirýän hem-de herimizi bir ýola salyp goýberýän edebi çatryklar bar.

Geçen eýýamlar, öten döwürler hakynda göwün ýüwürdip, biziň her birimiz geçmişdäki ýetmeziň öwezini dolmak hyýaly bilen ýaşaýarys. Geçmişiň ahmyrynyň döredýän hyýalatynyň melul ediji täsiri bar. Amyderýanyň ýakasynda önüp-ösen adamda Uzboýuň gury hanalary geň duýgulary — şu gününden düýnüne baryp görýäniň duýgularyny — döredipdi.

Akyldar şahyr Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda Hyrat şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy döwrüň jemgyýetiniň iň ýokary gatlagyna degişli eken. Göçüp-gonmak derdeserine garamazdan, Alyşir oňat bilim alypdyr. Ol Hyratda, Maşatda we Samarkantda döwrüniň iň ýokary ylymlaryny edinipdir.

1456-njy ýylda, ýagny on bäş ýaşyndaka, Alyşir Maşada barýar. Ol bellibir wagtda Horasanyň hökümdary Abulkasym Baburyň elinde işleýär. Onuň täze dörän beýik şahyrdygy-da Maşatda belli bolupdyr. Özi-de şahyrlykdan habarly bolan Babur, şeýle-de köşk şahyrlary Alyşiriň şahyrlyk zehinine ýokary baha beripdirler. Ýaş şahyryň — pars hem-de çagataý dillerinde ýokary çeperçilikli şygyrlary döredip bilýänligi üçin, oňa «zul-lisaneýn» — «iki diliň eýesi» diýen mertebeli at goýlupdyr. Ol çagataýça şygyrlaryny «Nowaýy», parsça şygyrlaryny bolsa «Fany» tahalluslary bilen ýazyp başlady.

Şondan soňam Nowaýy birnäçe ýyl Maşatda bolup, dürli ylymlarda, ylaýta-da, filosofiýada, matematikada kämilleşmegini dowam etdirdi. Şahyrlyk zehini Maşatda, alymlyk zehini Baburyň köşgünde açylan Nowaýy edil on ýyldan soň, ýagny 1466-njy ýylda ol ýerden dogduk mekany Hyrada gaýdyp barýar.

1476-njy ýylda edil Ibn Sina ýaly, wezirlik işini tabşyryp, on bir ýyllap döwlet işlerine goşulman ýaşaýar. Bu ýagdaý onuň şahyr hem alym hökmündäki içki mümkinçilikleriniň açylmagy, amala aşmagy üçin Allanyň beren puryjasydy.

Nigara Ýagmurowa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiň mugallymy.



jeyhun.news

Tmpedagog