05.03.2024 Gollanma120 .

Zenanlara nähili sowgat bermeli?


Islendik zenanyň sadalygynyň aňyrsynda özboluşly gözellik, mähribanlyk bar. Olaryň her bir ýylgyryşynyň, bakyşynyň aňyrsynda bolsa ylmyň çözüp bilmejek syrlary dur. Zenanlaryň göwnüni awlamagyň, eger siz onuň kalbyny eýelän bolsaňyz, onda ömürlik galmagyň birnäçe ýoly bar. Geçirilen barlaglara görä, zenanlar sowgat alan wagtlary özlerini dünýäniň iň bagtly zenany hasaplaýarmyşlar. Eýsem, nähili sowgatlar zenanlara ýakymly täsir edip biler? Olaryň doglan gününde, baýramçylyklarda, ýa aýratyn bir wakanyň bellenýän günlerinde zenanlary bagtly edip biljek sowgatlar barada bilmek isleýäňizmi?! Onda aşakdaky maslahatlary okaň!

Güller — iň ýakymly sowgat
Güller bilen zenanlaryň arasyndaky baglanyşyk gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Halk arasynda aýdylýan «Her gülüň öz ysy bar» diýlen nakyl hem güllere deňelýän gyz-gelinlerimiz bilen baglanyşyklydyr. Çünki söýgi bilen ideg edilen gülleriň pajarlap gunçalaýşy ýaly, zenanlara-da söýgi bilen garap, aladasyny etseň, özlerini bagtly duýýarlar, ýaşaýşy gözelleşdirýärler.

Eger zenanlaryň göwnüne ýarajak sowgatlaryň sanawyny düzüp oturan bolsak, bu üçburç piramidanyň çür depesinde gülleri ýazmaly bolarys. Çünki güller zenanlary begendirip biljek söýgüli sowgatlaryň ilkinjisidir. Hatda ara düşen sowuklygyň çözgüdi we düşünişmezligiň ylalaşylmagy üçin sanawdaky ilkinji sowgatdyr.

Zenanlar şaý-sepler bilen owadan görünmek islär
Zenanlaryň görmegeý hem owadan görünmek baradaky islegleri erkek adamlaryň bezemen zenany görmek baradaky arzuwyndan hem ýokarydyr. Gelşikli, göze gelüwli geýinmek zenanyň öz öňünde goýýan ilkinji durmuş şertidir. Olar bütin günüň dowamynda özüneçekiji we ykjam görünmek isleýärler. Şu sebäpli hem, olara berip boljak iň gowy sowgatlaryň biri-de, boýuna we syratyna gelişjek şaý-seplerdir. Mysal üçin, ýüzük, monjuk, bilezik, sagat we ş.m. Sowgatlyk şaý-seplerde ýörite ýazgylary zergärlere ýazdyrsaňyz, ol has-da täsirli bolup biler.

Parfýumeriýa sowgatlary zenanlar üçin ýatda galyjydyr
Zenanlar owadan görünmek bilen birlikde, ýatdagalyjy bolmagy hem halaýarlar. Olar muny ýakymly ysly atyrlary ulanmak bilen gazanýarlar. Gelin-gyzlary begendirip biljek sowgatlaryň biri-de, onuň halaýan, hemişe ulanýan parfýumeriýa önümlerinden sowgat etmekdir.

Eger söýýän zenanyňyzy ýakyndan tanap, onuň nähili müşk yslaryny halaýandygyny, haýsy önümleri ulanýandygyny bilýän bolsaňyz, oňa baýramçylyk sowgady hökmünde parfýumeriýa atyrlaryny sowgat edip bilersiňiz.

Özüňize çekmek üçin şokoladyň täsir ediji lezzeti
Zenanlaryň özlerine berilýän ünsden göwünleri hoş bolar. Biraz «läliksiretmek» bilen şol zenanyň siz üçin ýeke-täkdigini duýmagyny gazanarsyňyz. Zenanlaryň kalbyna barýan iň ygtybarly ýol bolsa, hiç kimiň ýüz öwrüp bilmejek lezzeti bolan şokolad süýjülikleridir. Şokoladyň adamlarda bagtlylyk, keýpiçaglyk döredýändigi göz öňüne tutulsa, munuň bir ýakymly sowgat hökmünde täsir galdyrjakdygy öz-özünden düşnüklidir.

Sowgatly sebet bilen täsir galdyryň!
Zenanlaryň arzuw edilýän sowgatlary almakdan nähili derejede täsirlenýändigini hemmämiz bilýäris. Şonuň üçin arzuw edilip bilinjek her bir zat olary bagtly edip, özlerini biriniň arzuwydygyna ynandyryp biler. Hem göze, hem kalba ýakymly bezegler bilen bezelen sowgatlyk sebet bolsa hasda täsirli bolýar.

Her bir zenan berlen sowgatda durmuşdaky ornuny görmek islär
«Sen meni näderejede söýýärsiň?» diýlen jümle bir zenanyň erkek adama iň köp berýän sowallarynyň biridir. Aslynda, bu sowalyň içinde «Meniň üçin nämeler edip bilersiň?» diýen başga bir many ýatyr. Şu sowallara jogap agtarmak bilen gyz-gelinler özlerini ynamly duýmak islärler. Geljegini, durmuşyny ynanýan erkek adam tarapyndan her pursatda goralýandygyny, gadyr goýulýandygyny bilesi geler.

Öz eliňiz bilen sowgat taýýarlamak üçin ukybyňyzy synaň!
Aýal maşgala durmuşyna hemra bolan erkek adamyň söýgüsini onuň yhlasy bilen ölçeýär. Siz hem öz ukybyňyzy synamak üçin biraz yhlas edip, başarnygyňyzy görkezip, sowgady eliňiz bilen taýýarlamagy meýilleşdirip bilersiňiz. Çünki pul harçlap, onuň üçin halan sowgadyňyzy satyn almak işiň iň aňsat tarapy bolup durýar.

Emma siziň bir ukybyňyz bar bolsa, söýgüli ýaryňyz üçin öz elleriňiz bilen sowgat taýýarlamak isleseňiz, munuň zenan maşgalada döredip biljek täsiriniň belli bahasy ýokdur. Öz elleriňiz bilen nahar taýýarlamak, şahyrana hat ýazmak, goşgy düzmek, galam bilen portretini çekmek... bulara mysal bolup biler.

Garaşylmadyk sowgatlar göwün awlamagyň ilkinji usuly
Gyz-gelinleriň iň söýýän zatlarynyň biri-de garaşylmadyk sowgatlar ýa pursatlardyr. Hiç bir hereket bir zenanyň içki dünýäsini garaşylmadyk pursatdaky garaşylmadyk sowgatlar ýaly täsir edip ýa-da bagtly edip bilmez. Näzik zenanlaryň göwnüni almak üçin ýygy-ýygydan garaşylmadyk bagtly pursatlary döretmäge çalşyň. Hatda şeýle bir pursatlary taýýarlaň, hemişe sizi pikir etsinler. Gatnaşyklaryňyzy berkitjek, mähir goşjak kiçijik pursatlary döretmekden asla ýaýdanmaň. Bu ynamly gatnaşygy ýola goýmagyň synagdan geçen iň aňsat ýoludyr.

Zenan bir gül bolsa, erkek adam onuň bagbany bolmalydyr. Gülleriň pajarlap gül açmagy bolsa bagbanyň idegine, söýgüsine baglydyr. Durmuşyňyzyň gözelliginiň we ýerbe-ýerliginiň zenanlar bilen baglydygyny unutmaň!

«7/24.tm»
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 04.03.2024

Tmpedagog