20.01.2023 Gollanma145 .

Jandarlaryň çagalarynyň atlandyrylyşy


 Kiçiräk üýşmeleňde gürrüň janly-jandarlaryň, olaryň çagalarynyň atlandyrylyşy barada boldy. Oturanlaryň biri:

 — Dünýäde atsyz zat ýok diýýärler. Emma kä bir haýwanlaryň çagalarynyň atlary ýok. Meselem, möjegiň, tilkiniň we pişigiň çagalarynyň aýratyn atlary barmyka?

 — diýip, çopan çagalaryna 45 ýyldan gowrak türkmen dilinden we edebiýatyndan ders beren Amanmät mugallymyň ýüzüne seretdi. Mugalym:

 — Dogry, hiç bir zat atsyz däldir, şol sanda seniň dile getiren haýwanlaryň çagalarynyň atlary hem ýok däl. Ýöne olar unudylypdyr. Emma unudylmak diýmek ýok bolmak diýmek däldir. Ol atlar halkyň hakyda sandygynda saklanýar. Meselem, pişi giň çagasyna çarwa illerinde «myrçanak» diýipdirler. Oňa bu at «myr-myr» edip seslenýändigi üçin berlenbolmagy gaty ahmaldyr. Ýolbarsyň çagasyna «şirbeçesi» («beçe» köne türkmen dilinde «çaga» diýmegi aňladýar), tilkiniň çagasyna bolsa «ýylpyz» diýlipdir. Tilkiniň çagasy çakgan, ýüwrek bolandygy üçin şeýle diýlen bolmagy mümkin. Ilat arasynda «Ýylpyz ýaly bir göründi-de, gözden gaýyp boldy» diýlen aýtgy bar. Möjegiň çagasyna «üzüt» diýilýär. Käbir emejen gölelerdir owlaklar barada aýdylýan «üzüt ýaly bolup enesini ýykjak» diýen gep bar. Baýtalyň çagasyna «ýapaga» diýilýär. Magtymguly Pyragynyň «Getirer» atly goşgusynda: «Baýtal ýapagasyn çekermiş çöle, Eşek kürresini küle getirer» diýen setirler bar. Gulanyň çagasyna «goduk» diýlipdir. «Gulan başyna gaý düşse, godugyna garamaz» diýen nakyl bar — diýip, mugallym sözüni jemledi.

Toplan:
Täçdurdy KERIMOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
59-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.01.2023

Tmpedagog