29.02.2024 Gollanma89 .

Diňe gül döreder şahyr ýüregi


Her gezek bahar bosagadan ätlände şu goşgy setirleri biygtyýar ýadyma düşýär:

Mawy gözlem şu asmanyň aşygy,
Şoň reňkinden akyl-huşum göçendir.
Belki, martda sallançakda ýatyrkam
Gökden daman iki mawy damjajyk
Gelip meniň gözlerime gaçandyr.

Bu ajaýyp jümleler baharda açylan gülleriň müşki bolup, älem-jahanyň yşky bolup, kalbyň çuňluklaryna ýaýraýar. Nepis duýgularyňy oýaryp, ýüregi diňe gül döreden Gurbannazar şahyryň nurana keşbini göz öňüňde janlandyrýar. Şahyryň şygyrlary ençe ýazlarda ýaňadandan «gül» bolup döreýär, «şeýda» bolup ýüreklere ornaýar. Ol şygyrlar — «şygryýet bagynyň» hiç haçan solmajak güli, soňlanmajak şirin nagmasy. Çünki baharyň ilkinji güni — 1-nji mart Gurbannazar Ezizow atly şygryýetiň ägirtleriniň biriniň dünýä gelen güni. Çyn zehinler bolsa pasyllar dolanyp, asyrlar aýlansa-da, halkyň aňynda ebedilik ýaşaýar.

Gurbannazar Ezizow bilen egin-egne berip işleşip, onuň goşgularyna ajaýyp aýdymlaryň ençemesini döreden Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew döredijilik söhbetdeşlikleriniň birinde şahyr dosty hakynda: «Gurbannazar özboluşly, hiç kime meňzemeýän şahyrdy. Onuň öz pelsepesi, çuňlugy bar. Ol aňyrdan gelýän şygryýetde özüne beýleki şahyrlaryňkydan tapawutlanýan ýol goýdy» diýip belläpdi. Hawa, Gurbannazar Ezizow bilen söhbetdeş bolmak, işleşmek, didarlaşmak, onuň şägirdi bolmak miýesser eden adamlaryň ählisi özleriniň ýatlamalarynda şahyryň diňe şygryýet babatynda däl, eýsem, adamkärçilik, salykatlylyk, agraslyk, sadalyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetler babatynda-da hemmä nusgalyk bolandygyny belleýärler. Gurbannazar şahyryň düýn görşen dosty bilen bu günki gün görşende, ony göýä bir ýyllap görmedik ýaly şatlyk bilen, güler ýüzli garşylaýşy, bir gezek duşan adamyna özi bilen ikinji gezek hem duşmagy arzuw etdirip bilýändigi barada Ahmet Gurbannepesow şahyryň «Saýlanan eserlerine» ýazan sözbaşysynda belleýär. Ol ýene-de: «Men Gurbannazardan şahyrçylyk sungaty babatda, adamkärçilik babatda kän zat öwrendim. Başga şahyrlardanam kän zat öwrenendirin, ýöne Gurbannazary ýeke-täk halypam saýýaryn...» diýýär. Elbetde,

Göz aýla dört ýana — gül depe-düzüň!
Seretseň asmana, görünýär ýüzüň! —

diýýän şahyryň ýüreginiň gözelligi, ýüzüniň nuranalygy durşy bilen pelsepä ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň her bir sözünde, her bir setirinde görünýär. Mahlasy, Gurbannazar Ezizow diýlende, watanperwer, topragyny, il-gününi ähli zatdan ileri tutan, sada, pespäl göwünli, belent adamkärçilikli, kämil şahsyýet hem-de köňülleriň, ömürleriň, döwürleriň şahyry göz öňüňde janlanýar.

Şygryýet äleminde öçmejek ýyldyz bolup dörän Gurbannazar Ezizow döredijiliginiň ilkinji ýyllarynda-da dünýä edebiýatyndan belli bir derejede habarly bolupdyr. Şahyryň goşgulary hakynda sözlemek, onuň pelsepewi paýhasyna düşünmek öz döwründe-de, häzirem giň dünýägaraýşy, inçe akyl ýetiriş ukybyny talap edýär. Ýekelikde galmaga pursat tapan çaglary, işde, kitap okanynda, gürrüňçilikde göwnüne gelen şahyrana setirleri timarlap, üstüni ýetirip, sünnäläp kagyza geçiren şahyryň: «Men özümi aýamadym hiç ýerde» diýşi ýaly, zähmetsöýerligi, çydamlydygy, özüne dözümli darandygy barada galamdaşlary ýatlaýarlar. Şeýle-de şygryýetde äheň, şekil, pikir babatda özboluşly çemeleşiş usuly bolan şahyryň «eline düşen zady okamakda», şahsy kitaphana edinmekde köplere görelde bolandygyny belleýärler.

Dostana ýüregi bilen şygryýet äleminde ýaş zehinlere nusgalyk mekdep bolan Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri altyna barabar akgynly setirlerinde ýaşaýar. Ol dürdäne şygyrlar ýüreklere ýazlaryň ýakymy bolup ýaýraýar.

Edil şygyrlaryndaky pikir öwrümleriniň, garaýyşlarynyň başgalaryňkydan üýtgeşikligi ýaly, Gurbannazar Ezizowyň goşgy okaýşy hem özgelere düýbünden meňzemän, her sözi çintgäp aýdyşy, käbir ýerlerde uzak säginme berip, soňra dowam edişi, üstesine-de äheňiniň gitdigiçe ösüp, özünden başga zat barada pikir etmäge maý bermeýşi, özüni saýhally alyp barşy, sabyrlylygy barada şahyr hakyndaky ýatlamalaryň ählisinde diýen ýaly agzalýar.

Guýmagursak şahyryň:

Bu äleme guwandym, guwandym men barlyga,
Ýylda solup, baky solmaz güllere gözüm düşdi —

diýip belleýşi ýaly, şygryýeti ýürekden söýen, onuň yşky bilen ýaşan şahyr uzak oýlaryň, üznüksiz zähmetiň, yzygiderli okamagyň, inçe duýgularyň hyjuw bilen ýüze çykmagynyň netijesinde şygryýet äleminiň hem halkyň ýüregine «solmajak gülleri» peşgeş berdi. Şol güllerden ylham alýan gözel Watanymyzyň seleň-sähralary, bereketli topragy ýene «durna, jümjümeli, älemgoşarly» ýazlaryň lybasyny geýýär, şahyryň «durnalary» Diýara dolanyp gelýär.

Aýjemal Gaýlyýewa,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 29.02.2024

Tmpedagog