29.02.2024 Gollanma88 .

Abu Aly Ibn Sina


Ynsan özüniň ýaşan döwründe dürli ýarawsyzlyklara, kesellere duş gelýär. Her bir adam öz saglygy barada yzygiderli aladalanmasa, saglygynyň gowşap, her hili derdi-belalaryň janyna talaň salýanlygyny soň bilip galýar.

Magtymguly atamyzyň dilinde 4400 ýyl ömür sürüp geçen Abu Aly Ibn Sina beýik alym, şahyr, lukman bolupdyr.

Ýazgylara görä, Ibn Sina ömrüniň köp bölegini Köneürgençde geçiripdir. Öz döwrüniň belli filosofy, geografy, matematigi, astronomy, biology, fiziology, fizigi, himigi, tebibi, edebiýatçysy we sungatçysy bolan bu akyldaryň hemmetaraplaýyn şahsyýet bolanlygy rowaýatlara siňip gidipdir. Onuň edep-terbiýe babatynda-da aýdyp geçen nesihatlary häli-häzirem dilden-dile geçip gelýär. Goşgy görnüşinde ýazan 8 sany eseriniň bardygy hakynda hem maglumat bar.

Ibn Sina ençeme ösümligiň em ýasamaga peýdalydygyny, olary derdi dep etmek üçin nädogry peýdalanmagyň, tersine, zyýan etjekdigini ýazyp gidipdir. Galyberse-de, sogan, turp, şugundyr, sarymsak, ysmanak, käşir, alma, erik, nar, üzüm, tüwi, ýumurtga, mäş, noýba, nohut ýaly gündelik ulanýan azyklyk önümlerimiziň, miweleriň haýsynyň nähili kesele em bolýandygyny ýazyp gidipdir.

Aýtgylaryň birinde Ibn Sina özüniň şägirdine gan damarynyň urgusy barasynda şeýleräk gürrüň beripdir: “Gan damarynyň urgusy — munuň özi gan damarlarynyň gysylmagyndan we giňelmeginden ybarat bolan hereketdir. Birnäçe ýyllap men gan damarlarynyň gysylmak pursatlaryny synladym. Tä olaryň ähli alamatlaryny duýýançam barlaglary gaýtaladym we kadaly hem kadasyz gan-damar urgularynyň bardygyna akyl ýetirdim.

Gan-damar urgulary tolkun şekilli, ik şekilli, iki urguly, dowamly, sandyrawuk, gysga, kiçi, haýal gybyrdyly bolup bilýär. Şonuň ýaly-da, gan-damar urgusy ýumşak, dartgynly, nerwli, pes, ýiti, doly... bolubam bilýär. Käbir keselleri, aýratynam, göze görünmeýän keselleri, diňe gan-damar urgusynyň üýtgeýşi bilen kesgitläp bilýärin. Gan-damar urgusynyň sazlaşygynyň bozulmagy boýunça bolsa, ýaşyryn keselleri hem anyklamak mümkin”.

Abu Aly Ibn Sinanyň şol döwürlerde ýazyp galdyran ýazgylarynyň üstüne, ylmyň häzirki biçak ösen döwründe-de bir zatlar goşaýmak çetindir.

Saparmyrat HOMMODOW,
Murgap etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 29.02.2024

Tmpedagog