22.02.2024 Gollanma53 .

Egis, egsik


Islendik närseler salnan gaplar bolmaly möçberinden kem, doly däl bolsa, «egsik» diýilýär. Göräýmäge, «egis», «egsik» sözleriniň gelip çykyşy bir kökden ýaly bolsa-da, bularyň sözköki aýry-aýry sözlerden eken. Ýagny «egis» sözi «eg» kökünden we işligiň ýükletme derejesiniň «it» goşulmasyndan durýar.

Türkmen dilinde «itden egsik bolmak» diýen söz düzümi bar. Onuň manysy «itden pes» diýmek bolup, gylyk-häsiýet bilen baglanyşykly aýdylýar. Ýagny il ýanynda itçe bolmazlyk, itçe görülmezlikdir. Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde «erbet», «ýigrenji» manysynda «eksük», «eksik» sözleri ulanylypdyr. Sözüň aslynyň «ýek» (ýaman, ýaramaz) sözünden we işlik ýasaýjy «si», işlikden isim ýasaýjy «k» goşulmalaryndan durýandygyny etimologik sözlük tassyklaýar: ýeksik, eksik, egsik.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
Eşek özün egsik saýmaz bedewden,
Gymmat etseň, at ýanynda bellidir —

diýen setirlerinde «egsik» sözi ulanylypdyr.

Ene dilimizde Aýyň otuzyna däl-de, ýigrimi dokuzyna dogmagyny «egsigine dogmak» diýen söz düzümi bilen aňladylýar.

Gepleşik dilimizde «Pylanynyň ogly gaty egisdir (egsikdir), eglişik diýen zady bilýän däldir» kimin jümlelere häzirem duş gelmek bolýar. Munuň özi onda adamçylygyň kemdigini, egsikdigini aňladýar.

Dilimizde ulanylýan islendik söz bilen gyzyklananyňda, onuň gadymydygyna, aňyrdandygyna, inçeligine, şirinligine, çuňlugyna buýsanjyň artýar.

Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiň mugallymy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 22.02.2024

Tmpedagog