20.02.2024 Gollanma123 .

Ene hüwdüsi hakynda


Her bir maşgalada nesil terbiýesiniň gözbaşy öý-ojakdan başlanyp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly ynsana mahsus ajaýyp häsiýetler we endikler bilen üsti ýetirilýär. Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz miwelerini berýär. Elbetde, edep-terbiýeli perzendi ösdürip ýetişdirip, kemala getirmek maşgalada uly jogapkärçiligi talap edýär. Ýaş nesilleriň kämilligi baradaky alada, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanýar.

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, paýhasly pederlerimizden miras galan ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ynsanperwer gatnaşyklar, dost-doganlygy pugtalandyrmak ýaly milli ýörelgeler üstünlikli dowam etdirilýär. Mähriban halkymyz ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri şu günki ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde kemala getirýär.

Gadymy döwürlerden bäri pederlerimiz nesil terbiýesini örän inçeden yzarlapdyrlar. Çagada edep-terbiýäniň ilkinji basgançagy maşgalada öwredilýär. Çaga kämil, asylly edep-terbiýe bermekde ilkinji şertleriň biri maşgaladaky agzybirlik hasaplanýar. Maşgalada agzybirlik bar bolsa, birek-birege hormat-sarpa goýulsa, körpeje çagalar geljekde edepli-terbiýeli, arassa ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişýär. Bu babatda her bir maşgala agzalary bilen bir hatarda, esasan, enelerimize uly orun degişlidir. Çünki çaga dünýä inende, ilkinji nobatda, enäniň mähirli gujagynda, mylaýym elleriniň aýasynda ezizlenýär. Şonuň netijesinde körpejeleriň iň ýakyn ynsany, olara ilkinji edep-terbiýäni berýän, çagalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryna taýýarlaýan hem ene bolup durýar.

«Ene» diýen ajaýyp sözde ýylylyk, mähir, owadanlyk, üýtgeşik many bar. Mähriban enelerimiziň mähirden doly kalplaryndan çykýan hüwdüler bolsa çaga terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ol enäniň ýüreginde beslän päk arzuw-umytlarynyň owazy bolup, çaganyň kalbyna nur çaýýar. Maşgalada her bir ene öz çagasyny hüwdülände, onuň arassa ahlakly, akylly, edepli-terbiýeli, il-halkyna, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini arzuwlap, şol arzuwlaryny hem hüwdüsine siňdirýär.

Çagany hüwdülemegiň ýene-de bir peýdaly taraplarynyň biri bolsa hüwdiniň mähre ýugrulan mylaýym, ýakymly owazynyň täsiri bilen körpejäniň rahat uklamagydyr. Hüwdiniň sözleriniň çaga terbiýesine gönükdirilmegi olarda oňat gylyk-häsiýetleriň, gowy endikleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hüwdüleriň ýaş nesillerde Watana bolan söýgini, mertligi, edermenligi, batyrlygy, zähmet endigini terbiýelemekde hem hyzmaty uludyr.

Arazsoltan OTUZOWA,
Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebiň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.02.2024

Tmpedagog