18.02.2024 Gollanma55 .

Diýarbekir galasy


«Şasenem-Garyp» dessanynda:

Eý, agalar, Diýarbekir ýurdunda,
Aklym aldy ala gözli bir peri

— diýlip ýatlanylýan meşhur ýerleriň biri Diýarbekir galasyny görmek bizde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň geňeşliginiň çägini etekläp oturan Diýarbekir galasy geçmişden galan taryhy gymmatlyk hökmünde uzaklara ýaýylyp gidýär. Gürrüň bermeklerine görä, bu gala biziň eýýamymyzdan öňki IV — b. e. III asyrlarynda esaslandyrylypdyr. Bişen hem çig kerpiçden gurlan galanyň irki döwürlerden başlap, tä XIV asyra çenli ýaşaýyş mekany bolmagy onuň öz döwründe örän ähmiýetli galalaryň biri bolandygyndan habar berýär. Dürli döwürlerde ol ýerden syrçaly we syrçasyz gap-gaçlaryň bölekleri, monjuklar, teňňeler, dürli görnüşli küýze önümleri tapylypdyr. Bu ýagdaýlar ol ýerde ýaşan ata-babalarymyzyň hünärmentçilik bilen meşgullanandyklaryndan habar berýär.

Diýarbekir galasy barada gymmatly maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem beýan edilýär. Kitapda gadymy döwürde uzak ýola rowana bolýan söwda kerwenleriniň birnäçe menzil aşyp, bu galanyň deňinden geçendikleri nygtalýar.

Ogulbagt SEÝITMÄDOWA,
Akdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti, 17.02.2024

Tmpedagog