18.02.2024 Gollanma135 .

ARŞA GALAN BEÝIK PYRAGY


Beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň islendik ugruny öz içine alýar. Dana akyldar öz şygyrlarynda watansöýüjiligi, gözel tebigaty, ahlaklylyk ýörelgelerini, belent söýgini wasp etmek bilen, umman ýaly giň edebi mirasyny nesillere ýadygärlik galdyrypdyr.

Şahyryň mirasynda özbaşdak, berkarar döwletiň arzuwy ör-boýuna galýar. Söz ussady «At islärin» atly goşgusynda:

Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm.
Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin –

— diýip, halkymyzyň asuda, parahat ýurtda agzybirlikde, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir. Gahryman Arkadagymyz aryf-akyldarymyzyň bu belent arzuwlaryny hasyl etdi. Şeýlelikde, halkymyz eşretli zamana, bagtyýar döwre eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip, söz ussadyna ýokary baha berdi. Gahryman Arkadagymyz «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyny döredip, şahyryň umumadamzat ähmiýetli mirasyny arşa galdyrdy.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahyra goýýan belent sarpasy türkmen halkyna, türkmen edebiýatyna, söz sungatyna goýulýan sarpadyr. Magtymguly Pyragy ähli türkmeniň, ähli adamzadyň şahyry. Onuň şygyrlaryndaky öwüt-ündewler, pelsepewi garaýyşlar umumadamzat gymmatlygydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek bellenildi hem-de bu babatda guramaçylyk topary döredildi. Şu taryhy Karar esasynda akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyna degişli ähli maglumatlary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak, Magtymguly ensiklopediýasyny, sanly görnüşde Pyragynyň ähli goşgularyny özünde jemleýän şygyrlar diwanyny döretmek göz öňünde tutuldy.

tutuldy. 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de dana akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi söz ussadyna halkara derejesinde goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr. Häzirki günlerde şahyryň doglan güni mynasybetli kinofilmleri, drama eserlerini, tele we radio gepleşikleri taýýarlamak, metbugatda şahyra degişli çykyşlary taýýarlamak, tegelek stollardyr maslahatlary geçirmek işleri dowam edýär.

Ýeri gelende, ýaňy-ýakynda sanly ulgamda Magtymguly Pyragynyň saýtynyň döredilendigini-de belläp geçmek möhümdir. Bu saýtda Magtymguly Pyraga degişli islendik maglumaty gysga wagtda tapmaga mümkinçilikler bar. Saýtyň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmaga aýratyn orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň , başyny başlan beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Köpetdagyň belent gerşinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli bina edilýär. Bu belent heýkel şahyryň doglan gününe aýratyn sowgat bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkyna, tutuş adamzada gymmaty egsilmejek ruhy hazynany miras goýan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň sarpasy barha belende galýar. Şu ýyl beýik akyldaryň şanyna tutuljak dabara onuň edebi miras bilen birlikde milli däp-dessurlarymyzy älem-jahana ýaýar.

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti, 17.02.2024

Tmpedagog