17.02.2024 Gollanma91 .

Pyragynyň nazary düşen ýerler


Akyldaryň — Magtymguly Pyragynyň nazary diýenimizde, ýakymly duýgular hakydamyza dolýar. Türkmeniň uly alymy Mäti Kösäýewiň şägirtleri — belli alym, şahyr hem kompozitor Nazar Gullaýew bilen edebiýatçy alym Öwlüýäguly Ylýasow bize berýän sapaklarynda: «Türkmenler öz sarpa goýýan adamynyň, ýaşulusynyň adyny deň-duşlarynyňky ýaly tutmaýar, şonuň üçin «Magtymguly atamyz» ýa-da «Magtymguly Pyragy» diýmeli» diýip öwrederdiler. Ýazyjy A.Aborskiý hem: «Biz köp zatlary öwrenen-de bolsak, geçmişiň, hatda şu günleriň hadysalaryna hem çuň düşünmek üçin öwran-öwran Magtymgula ýüzlenýäris. Her sapar ýüzlenenimizde, ol biziň üçin ähtibarly maslahatçy, halypa bolup galýar» diýip belläpdir.

XX asyryň görnükli türkmen şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň, «Onuň Alyhezretleri poeziýa» diýip, belent başyny egýän Gurbannazar Ezizowyň eserlerinden Magtymguly atamyza bolan çäksiz söýgini beýan edýän setirleriň ençemesini mysal getirmek bolýar. Bir hakykaty nygtamakçy bolýarys: haýsydyr bir şahyryň goşgusyny gaýta-gaýta okasaň ýa diňleseň, öz ýanyňdan: «Muny öň okapdym» ýa «diňläpdim» diýýärsiň. Emma beýik Magtymgulynyň goşgulary babatda başgaça bolýar, olary okadygyň saýy gaýta-gaýta okasyň gelýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen bu gün Magtymguly Pyragynyň döredijiligini tutuş dünýä öwrenýär. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek barada 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Karary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Biz hem bu başlangyçdan ruhlanyp, geçen ýylyň tomsunda beýik akyldaryň okan medresesi bolan Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris baba medresesini görmek üçin ýola düşdük. Biz ol ýerde duşuşan iki adamymyz barada gürrüň bermekçi bolýarys.

Olaryň biri Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň janköýeri, Kerki etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mirasgär, beýik Pyragynyň ömrüne we döredijiligine degişli mekdep muzeýini döreden, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Köýtendag — Kerki — Türkmenabat — Mary — Aşgabat — Balkan — Awaza aralygyny welosipedli geçen Ahmet Abdyllaýew, ikinjisi Halaç etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy, mirasgär Rozygeldi Döwletowdyr.

Olar meni Magtymguly Pyragynyň okan Idris baba medresesi, Nyýazguly halypanyň medresesi, Ahmet mugallymyň döreden mekdep muzeýi, öz öýünde beýik akyldaryň ömrüne we döredijiligine degişli muzeý döreden Dursun Jumaýewanyň alyp barýan asylly işleri bilen tanyşdyrdy.

Biz ilki Idris babanyň medresesine baryp gördük. Howanyň yssydygyna garamazdan, medresäni görmäge gelýänleriň yzy üzülenokdy, olaryň arasynda dürli kärdäki adamlar, hatda daşary ýurtly myhmanlar-da bardy.

Medresäniň işlerini alyp barýan Jora Ýazmyradow bilen onuň ogly Juma Ýazmyradow gelýänlere akyldaryň nazary düşen ýerleriň taryhy barada gyzykly gürrüň berýärdiler. Jora Ýazmyradow şeýle gürrüň berdi:

— Bilşimiz ýaly, Idris baba medresesi, takmynan, 1640-njy ýylda asly hywaly, Idris baba tahallusy bilen tanalan Muhammet atly öz döwrüniň meşhur piri tarapyndan halk köpçüliginiň goldamagynda salnypdyr. Şol döwürde Gyzylaýak obasynda atly medrese bolupdyr. Magtymguly Pyragy medresede Nyýazguly halypadan ylym-bilim öwrenipdir, edep-terbiýe alypdyr. Ondan ak pata alyp, Buharadaky Gögeldaş medresesinde okuwyny dowam etdirmäge gidipdir.

Idris baba medresesiniň 7-8 km demirgazyk tarapynda Nyýazguly halypanyň medresesi ýerleşipdir. Bu piriň sopy-müridler bilen bir hatarda çagalara hem sowat öwredendigi barada halk arasynda gürrüňler bar. Idris baba medresesinde tomsuna buz ýaly sowuk, gyşyna ýyly suwly bir guýy bar. Gelýänler onuň lezzetli suwundan dadyp görýärler.

Ýene-de bir guwandyran zat: Ahmet mugallymyň döreden mekdep muzeýinde Magtymguly atamyzyň seýrek kitaplarynyň ençemesiniň toplanmagy, olaryň audio ýazgylarynyň sanly ulgamda — internetde ýerleşdirilmegi boldy. Bu zatlaryň hemmesi, elbetde, göwnüňi galkyndyrýar. Şonda öz alyp barýan işleri barada Ahmet Abdyllaýew şeýle diýdi:

— Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerine bolan gyzyklanma gitdigi saýy artýar. Şoňa görä biz gijämizi gündiz edip, yhlasly zähmet çekmeli, ýaş nesliň akyldar şahyryň pähim-paýhasdan doly şygyrlaryny okamaga, olardan öwrenmäge bolan höweslerini has-da artdyrmaly.

Lebap topragyndan ýola düşenimizde, ilki dilime gelen şu sözler boldy: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, olary gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn.

Orazmyrat REJEBOW,
Tejen etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 16.02.2024

Tmpedagog