15.02.2024 Gollanma59 .

Göreçleri goralyň!


Häzirki döwürde göz keselleri bilen bagly iň uly meseleleriň biri — kompýuteriň başynda köp oturylmagy netijesinde görşüň peselmegi. Uzak wagtlap oturanyňda, gözüň ýadaýar. Gözüň çalt-çaltdan gyrpylmagy, gabaklaryň agralmagy ýa-da göze «gum dykylan», öňünde perde bar ýaly duýgularyň döremegi, onuň gyzarmagy başlangyç alamatlara degişlidir. Gözýaş akmagy, ýagta duýgurlygyň ýokarlanmagy, şeýle hem şekiliň ikilenmegi bu ýagdaýyň beterleşen halatynda ýüze çykyp biler. Kellagyry, eginleriň, gözhana we maňlaý töweregindäki, şeýle-de daş-töwerege seredeniňde döreýän agyrylar hem bolýandyr. Göz gamaşyp. ýazgy okalanda çalt ýadap hem bilýär.

Ýokarda agzalan alamatlar kompýuteriň monitorynyň elektromagnit şöhlelenmesine däl-de, bu ulgam bilen işlenende görşüň aýratynlygyna baglydyr. Ekrandaky şekiller kagyzdakydan öz aýratynlygy boýunça tapawutlanýar. Meselem, şol şekiller diskret nokatlardan — piksellerden ybarat bolup, olar çalt ýanyp-öçüp durýar. Ýanyp-öçmegiň ýygylygy peseldigiçe, akkomodasiýanyň takyklygy şonça gowşaýar. Bu onuň bozulmagyna getirip bilýär. Şeýle hem ekrandan klawiatura we kagyzdaky ýazgylara seredeniňde, ekran bilen gözüň aralygy ýakyn bolanda, daş-töweregiňdäki ýagtylyk göni ekrana düşende, nädogry reňk saýlananda we onuň artykmaç ýagtylygy gözde ýadawlygyň döremegine täsir edýär. Monitoryň başynda uzak wagtlap arakesmesiz oturylanda, gözýaş suwuklygynyň bölünip çykmagy peselýär. Bu bolsa göreçleriň guramagyna getirip bilýär.

Kompýuter bilen işlenende, gözüň görüş bozulmalarynyň öňüni almak üçin, käbir maslahatlary paýlaşmagy ýerlikli hasaplaýarys. Gözde «kompýuter alamatynyň» ýüze çykmagyna köp sebäpleriň bardygyny ýatda saklamaly. Olaryň ilkinjisi gözüňi gyrpmaklygyň ýygylygynyň kemelmegidir. Adam kompýuterde işlände, gözüni kagyzyň ýüzündäki ýazgylary okandan, ortaça, 3 esse az gyrpýar. Bu bolsa gözüň guramagyna we gyzarmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, degişli talaplar berjaý edilse ýerlikli bolar.

Birinjiden, ýygy-ýygydan gözüňi gyrpmaly. Ikinjiden, her sagatdan işiň arasynda birnäçe gysgaça arakesme edilse gowy. Şol bir wagtda, dürli aralykda ýerleşen zatlara (sagada, güllere we başgalara) göz aýlamaly. Gözde «kompýuter alamatynyň» döremegine getirýän sebäpleriň biri-de monitoryň ýüzüne ýagtylygyň düşmegidir. Ekrana ýagtylyk näçe az düşse, şonça gowy. Otaglardaky çyralar, Günüň göni şöhlesi artykmaç ýagtylygyň çeşmesi bolup biler. Şoňa görä, ýagtylyk gözüňe we monitora düşmeli däldir. Otagdaky ýagtylygy sazlamak: güýçli çyralary öçürmek, ýagtylyk ýetmedik ýagdaýynda güýji pesräk çyralary ulanmak maslahat berilýär.

Iş ornunyň ýagtylyk düzgüni saýlananda, 35 — 40 ýaşdan geçen adamlaryň göz agzasynda ýaş aýratynlyklarynyň bardygyny nazara almaly. Bu bolsa monitoryň ýagtylygynyň güýçlendirilmegini we goşmaça çeşmeleri talap edýär.

Monitoryň ýagtylygynyň hem-de kontrastynyň nädogry düzülmegi we olaryň otagdaky ýagtylyk bilen gatnaşygy-da gözde «kompýuter alamatynyň» döremegine getirip biler. Monitoryň ýagtylygyny kada laýyk getirmek üçin, ak reňkli şekile, mysal üçin, «Word» dokumentiň ak reňkine seretmeli. Eger-de ol ýaldyrap duran çyra meňzese, onda şekil örän ýagty hasaplanýar. Onuň öňünde çalymtyl ýagtylyk filtr oturdylan ýaly bolsa, onda ýagtylyk ýetmezçilik edýär. Şekiliň ýagtylygy dogry gurnalandan soň, reňkli kontrasty sazlamaly. Adatça, ol ýokary bolmalydyr. Gözüň «kompýuter alamaty» monitordaky tekstiň möçberiniň we reňkiniň nädogry düzülmegi bilen hem şertlendirilip bilner. Ak reňkiň ýüzünde gara harplaryň ýazylmagy reňkleriň has amatly utgaşmagyna degişlidir. (Olara oppozit reňklerem degişlidir: sary-gök, gyzyl-ýaşyl). Monitordaky şekiliň yrgyldysynyň tizligi, aýdyňlaşmagy we dänesiniň möçberi ýaly aýratynlyklara hem üns bermelidir. Aýdyňlaşma näçe ýokary bolsa, şonça-da gowy hasaplanýar. Ol ýokary bolanda, şekiliň yrgyldysynyň tizligi peselýär. Kadaly işlemek üçin, ol 70 gersden beýik bolmalydyr. Şekiliň däne-däneligi köp monitorlarda 0,25 — 0,28 mm aralykda ýerleşýändir. Bu alamatyň döremeginiň howpuny kemeltmek üçin, monitoryň däne-däneligi 0,28 mm-den pes bolmalydyr.

Kompýuter bilen köp işlemek çagalarda we ýetginjeklerde miopiýanyň (şowakörlügiň) döremek howpuny ýokarlandyrýar. Göreçleriň ösüşi çagalykdan başlap, 18 — 20 ýaşda togtaýar we şowakörlügiň güýçlenmegi bilen bes edilýär. Göz bäbeneginiň kadaly ölçegi — 24 mm, eger göz ýarym millimetr uly bolsa hem, onda bu şowakörlükdir.

Kada boýunça 10 ýaşyna çenli çaga kompýuteriň öňünde 10 — 15 minutdan, ýetginjek 2-3 sagatdan artyk oturmaly däl. Kiçi ýaşdan çagalaryň burny bilen ekrana dikilip oturmagy şowakörlügiň döremeginiň ilkinji alamatydyr.

Iş ornunyň dogry gurnalmagy, ýokary hilli monitorlaryň ulanylmagy, wagtly-wagtynda amala aşyrylýan arakesmeler, göze niýetlenen maşklar, ýörite göz damjalary hem-de beýlekiler «kompýuter alamatynyň» ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.

Altyn REJEPOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň baş lukmany.

"Türkmenistan" gazeti, 15.02.2024

Tmpedagog