15.02.2024 Gollanma41 .

Ak altyn (Platina)


Ak altyn diýilse, gürrüň pagta baradadyr öýdäýmäň. 1741-nji ýylda Kolumbiýanyň altyn käninden tapylan gymmatbaha metala — platina ýewropalylar şeýle at beripdirler. Häzirki wagtda ak altyn diýip gyzylyň platina bilen garyndysyna (diňe platina-da däl, marganes, palladiý, nikel, kümüş, bürünç...) aýdylýar. Ýöne başda platinanyň diňe özüne-de ak altyn diýlipdir. Platinany heniz sary reňke öwrülip ýetişmedik «çig altyn» hasaplapdyrlar.

Platina D.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 78-nji belgidäki metaldyr. Ol adamzat taryhynda iň syrly we owadan metal hasaplanýar. Metal ispança «kümüşjik» diýen manyny berýär. Oňa daşky sypatynyň kümşe meňzeşligi üçin şeýle diýilýär. Otda kynlyk bilen ereýäni üçin «kümüşjik» diýip, bu metala kembaha garalypdyr.

XVII asyrda Günorta Amerikada platina «ýasama kümüş» hasaplanypdyr. Onuň bahasy şol wagtlar kümüşden iki esse arzan eken. Altyn käniniň üstünden barlanda, platinanyň hem bardygy üçin şeýle ätiýaçlyklaryň taşlanan gezekleri-de bolupdyr. Kümüş pullar zikgelenende, ussalar agramy uly bolar ýaly, platinany kümşe garypdyrlar. 1778-nji ýyldan başlap ispanlara platinany Ýewropa getirmek gadagan edilipdir. Ondan öňki getirilen köp möçberdäki platina-da zikgeçileriň galp pul ýasamazlygy üçin, ummana zyňlypdyr.

Platina seýrek element hasaplanýar. Ol tebigatda dagynyk halda duş gelýär. Bu metalyň meteoritleriň düzüminde hem bardygy ýüze çykaryldy. Asman daşlarynda platina altyna we kümşe garanyňda 4 esse köp. Arassa tebigy platinanyň düzüminde gymmatbaha metallar (palladiý, iridiý, ospiý) bolýar, olardan başga-da mis garyndyly demir, nikel, gurşun bar.

Platina altyn-kümüşden gymmada düşýär. Ony ele salmak üçin gazyp alyjylar köp wagt, zähmet we çykdajy sarp edýärler. Platina altyndan 30 esse seýrek gabat gelýär. Özem gyzyldan üç esse berk. Bu-da onuň gymmatyny has artdyrýar. 30 gram platinany ele salmak üçin 10 tonna magdany işlemeli bolýar. Kümüşden bolsa platina ýüz esse gymmat.

XVIII asyryň ortalaryna çenli platina diňe Amerikadan gazylyp alnypdyr. Ol bu künjeklerde ir wagtlardan bäri ink we çibça taýpalary tarapyndan ulanylypdyr. Ispan jahankeşdesi Uolloanyň 1748-nji ýylda Günorta Amerika syýahatyndan soň platina gyzyklanma artypdyr. Dogrusy, ondan öň hem ýewropalylar Ýamaýkadan getirilýän bu metal bilen azda-kände tanyşdylar, ýöne metaly nädip işlemegiň usulyny tapmaýardylar.

Platinanyň gymmatbaha metaldygy 1751-nji ýylda şwed alymy Teofil Şeffer tarapyndan subut edilýär. Eýýäm birnäçe ýyl bäri dürli tejribeler geçirip, platinanyň käbir häsiýetlerini öwrenen zergärler ony önümçilikde işjeň ulanmaga başlaýarlar.

1980-nji ýyllarda platinanyň 1 göterimi önümçilikde peýdalanylan bolsa, häzirki wagtda dünýäde düzüminde platinanyň gatanjy bolan millionlarça önüm satylýar. Olaryň hemmesiniň agramy 25 tonna ýetýär. Indi döwrüň kämil tehnologiýalaryny bu metalsyz göz öňüne-de getirmek kyn.

Zergärler bolsa platinadan bezeg şaý-seplerini ýasaýarlar. Platinadan bezeg şaý-seplerini öndürmekde öňdeligi Ýaponiýa saklaýardy, 2001-nji ýyldan bäri Hytaý birinji ýeri eýeleýär. Platinadan ýasalan şaý-sepleriň deň ýarysy Hytaýda öndürilendir.

Patma GÖKBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň himiýa mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 14.02.2024

Tmpedagog