15.02.2024 Gollanma97 .

Gelnejem


Bir-birinden owadan, sypaýy, göwnaçyk, mylakatly gyzlary görenimde hyýalymda öz gyzlyk dünýäme dolananymy duýman galýaryn. Gyz maşgala syr sandygy mysaly bolýar. Onuň näzikligi, duýgurlygy, utanjaňlygy ony syr gizlemäge mejbur edýär. Gyza ejeden ýakyn ýardamçy, syrdaş ýok hem bolsa, ol utanjaňlygy sebäpli ähli syrly duýgularyny ejesine aýdyp bilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda gyza ýeňňesi has gowy düşünýär. Şahyryň:

— Dost tutunsaň gyzyň ýagşy ýeňňesin,

Ýeňňesinde ygtyýary gyzlaryň — diýşi ýaly, ýagşy ýeňňe baldyzynyň duýgusyna düşünýän, eje ornunda durýan, bilýänlerini öwredýän maşgalanyň abraýynyň goragçysyna öwrülýär. Olar baldyzlary bilen ýaş meselesinde-de, düşünje meselesinde-de deň dünýägaraýyşly bolýarlar. Ýaşlyk gözellige, güýje, joşguna baý bolsa-da, akyl-paýhasa eýerilip hereket edilmese, ýalňyşdyrmaga ukyplydyr. Şeýle ýagdaýda eýýäm durmuşdan gerekli tejribäni alyp ýetişen ýeňňeler baldyzlaryna kömege ýetişýärler.

Ýeňňesi maşgala garyşandan soň ähli taraplaýyn baldyzynyň göreldesine öwrülýär. Gelniň gaýynlarydyr ýanýoldaşy, maşgala agzalary bilen garyşyp gitmegi baldyzlar üçin täsin terbiýe mekdebi bolýar. Tertipli, görüm-göreldeli ýeňňeler gaýyn ojagynyň sarpasyny has-da beýgeldip bilýärler. Olaryň öý-ojagy arassa saklamagy, gaýynlaryna mähremlik bilen hyzmat etmegi, dürli naharlar bişirip, saçak bezäp, edep bilen girip-çykmagy baldyzlarda hoşallyk we ýeňňesine meňzemek höwesini döredýär.

Gelniň gowy bolmagy bilen hat-da obada, goňşularyň arasynda-da hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar. Il-günüň toýunda hyzmat edip, märeke sowuşýan zenanlar hemmeler tarapyndan uly hormata, sylaga eýe bolýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz: «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýip gelin gözlänlerinde kemally ojaklardan gözleýärler. Gyzlaryň bagty, olaryň abraýy belli bir derejede gelnejelerine-de bagly bolýar. Hut şonuň üçin hem halkymyz: «Ýeňňesi öweni alyp gaç» diýmek bilen, gelnejesi bilen agzybirligi saklaýan, düşünjeli baldyzlaryň maşgala tiz garyşyp gidýändigini aýdypdyrlar. Şu pursatda «Ýagşy ýeňňe ýagşy gyza görelde» diýýän halkymyzyň aýdanlaryna eýerip, gyzlara gelnejeleri bilen agzybir bolmagy sargyt edesim gelýär.

Hallygözel NURMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
134-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 14.02.2024

Tmpedagog