20.01.2023 Gollanma65 .

Halk kalbynda baky orun alan şahyr


 ХVIII asyryň durmuşyny, ruhy ahwalatlaryny üç asyrdan soň biziň günlerimize ýetiren ajaýyp edebi miraslaryň biri «Jemşidiň jamyna» meňzedilen beýik Magtymgulynyň edebi eserleridir. Türkmen halky şol eserleriň süňňüne aralaşyp, hiç bir ölçege sygmaýan pähim-parasaty, şeýle hem göwün küýsegini tapdy.
 Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa şahyr Orazguly Annaýew «Pyragy» diýen goşgusynda şahyra: «Pygamber bolmasaň, pirsiň, Pyragy!» diýip ýüzlenýär. Orazguly halypa şu taglymy Magtymgulynyň döredijiliginiň durmuşyň ähli meseleleri boýunça öz okyjysyny manydan dokundyryp bilýändigi üçin tekrarlaýar.
 Öňräk Gyzylarbat şäherinde toý üýşmeleňinde bir kişi Magtymgulynyň:

«Jyda düşüp il-ýurdumdan,
Mysapyr eýlediň meni»

 — diýen setirlerini aýtdy-da: «Magtymguly atamyz-da ýesirlikde bolup, zyndana salyndymyka? Şu sorag meni köpden bäri biynjalyk edýär» diýip, oturan märekä soragly nazaryny aýlady. Märekede nesli wagt ses çykmady. Içgin tanamasam-da, eşidişime görä, professor Mäti Kösäýewiň mekdebini geçen okumyş myhman dymyşlygy bozdy. Ol: «Magtymguly atamyzyň:

«Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,
Bu dert bilen doly bolup galyp men».

«Sözüm agzyma Hak salar,
Bir nepes aýdanym bolar»

 — diýýän ýerleri bardyr. Onsoň, adamlar, özüňiz pikir edip görüberiň. Magtymguly atamyz mysapyrlykda bolsa bolandyr, ýöne zyndanda oturmak oňa ýaraşmaýar» diýip, köp manyly jogap gaýtardy.
 Men şol jogapdan adamlaryň Magtymgula bimöçber söýgüsini, şeýle hem Pyragynyň diňe bir şahyr, alym däl-de, keramatly kişidigine bolan mizemez ynanjyny aňladym.
 Magtymguly Pyragy halkyň kalbynda asyrlaryň dowamynda ýaşady we ýaşamagyny dowam etdirýär. Elbetde, muny hiç wagtda inkär edip bolmaz. Ýazyjy, publisist Hudaýberdi Durdyýew «Akyl gämisi» diýen kitabynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gazabyna tutýan, açlyk--horlugyň höküm sürýän günlerinden söz açyp: «Oba adamlarynyň daýymyň aýdymyny diňleýişlerine geň galardym... Birbada gürrüň berýärmi ýa hiňlenýärmi, aňybam bolmaz. Şol barmana-da Magtymgula geçer. Ýaşulular: «Bardyň üstünden, bardyň! Gaýrat et!» diýşerler. Bar kişiniň gulagy daýymdadyr. Soňabaka garry aýallar başdaňylarynyň ujuny gözlerine ýetirmegi aýyp görmez... Ýaşulular aram-aram: «Hä-ä, hak-a, hakdyr, Magtymguly!» diýip ýuwdunşarlar» diýip ýazýar. Munuň özi Magtymgulynyň edebi mirasynyň şol pajygaly döwürde-de synan göwünleriň söýegi, sowan ýürekleriň ýylysy bolandygyny aýdyň görkezýär.
 Akyldar — ähli döwürleriň, ähli göwünleriň nusgawy şahyry. Beýik şahyra goýulýan hormat ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň has giň gerime eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2014-nji ýylda akyldar şahyryň 290 ýyllyk toýunyň bellenilip geçilmegi ähli türkmen halkynyň göwnüni galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň başynda ýene bir Karara gol çekdi. Resminamada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini 2024-nji ýylda uly dabara bilen belläp geçmek, oňa şol günlerden başlap taýýarlyk görmek bellenildi. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik geňeşi tarapyndan «2024-nji ýyl — meşhur türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
 Şeýle ynsanperwer, sogaply işleri üçin hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 19.01.2023

Tmpedagog