15.02.2024 Gollanma64 .

Maşgala ojagy sarsmaz galadyr


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň mukaddes ojagy hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin halkymyz maşgalany ojak, saçak ýaly kerem-keramata deňeýär. Ata-babalarymyz maşgalada halallyk diýen düşünjä aýratyn üns beripdirler. Çünki pederlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, halallyk bu — ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň hem kemala gelmegini aňladýar.

Durmuş tejribesiniň subut edişi ýaly, ýaş nesli durmuşa taýýarlamakda maşgala institutynyň orny örän uludyr, sebäbi maşgala köpugurly, dürli derejeli ynsan gatnaşyklarynyň gaýtalanmajak mekdebini özünde jemleýär. Ruhy-ahlak, edep-ekram, tertip-düzgün, lebiz, borç, halallyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, watançylyk duýgulary öý-ojakdan, ata-enäniň öz çagalaryna görelde bolup siňdiren yhlasyndan gözbaş alýar. Şonuň üçin kemala gelýän nesliň ruhy-ahlak terbiýesinde ata-enäniň durmuş we zähmet ýolunyň, görüm-göreldesiniň nusga alarlyk mekdep hasaplanylmagy ýöne ýere däl. Türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly gylyk-häsiýetleriň mahsusdygyny ýurdumyza gadamy düşen daşary ýurtly jahankeşdeler hem belläp geçipdirler. Ata-babalarymyz ýaşlary milli watançylyk ruhunda terbiýelemegi, halal zähmete ugrukdyrmagy esasy wezipe edinipdirler. Olar çagalarynyň belent ahlakly, ynsanperwer, Watanyny, halkyny, zähmeti söýýän, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz aladalanypdyrlar. Ene-mamalarymyz körpeliginden başlap, gyz perzentlerine edep-ekramlylygyň, uýat-haýalylygyň, zähmetsöýerligiň ilkinji endiklerini kemala getirmeklige aýratyn üns beripdirler. Ylmy seljermeleriň tassyklamagyna görä, maşgala terbiýesiniň edep-hukuk mekdebini özleşdiren şahs jemgyýetçilik gatnaşyklarynda-da öz raýatlyk borjuna eýerip, ilhalar adam bolup ýetişýär.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller edip ýetişdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Biz hem okuw-terbiýeçilik işimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek ugrunda janaýaman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Toýly BERKELIÝEW,
Kerki etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 15.02.2024

Tmpedagog