13.02.2024 Gollanma97 .

Çomakaý-çortukaý


Eziz çagalar, siz öz sanaýan sanawaçlaryňyzyň manysy dogrusynda oýlanyp gördüňizmi? Ýadyňyza düşýän bolsa, «Iňňe-iňňe, ujy diňňe» diýip başlanýan sanawaçda «çomakaý-çortukaý» diýen tirkeş sözler bardyr. Bu sözleriň manysy dogrusynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Häzirki döwürde ulanyşdan galan sözleriň köp bolmagy sanawajyň örän irki döwürlere degişlidiginden habar berýär. Bilşimiz ýaly, tirkeş sözleriň ikisi hem manyly ýa-da biri manyly, biri manysyz, ikisi hem manysyz bolup bilýär.

«Çomakaý-çortukaý» — juda seýrek duşýan tirkeş söz. Şu sanawaçdan başga ýerde duşmaýar diýen ýaly. Özem iki bölegi hem manyly tirkeş söz. Bu sözleriň ikisi düýeleriň ýük daşamak, münmek üçin ulanylan döwründe işjeň häsiýetli sözlerdir. Öňki döwürde düýeler iş maly, aýagulag hökmünde ulanylypdyr. Häzirki döwürde ulanyşdan galansoň, «çomakaý-çortukaý» sözleri hem biziň dilimizde işjeňligini ýitiripdir.

Hatap — ýük daşamakda ýa-da münmek üçin arkasyna goýulýan agaç bölegi. Howut bolsa hatabyň düýäniň arkasyna batmazlygy üçin goýulýan, içine saman dykylyp, ýörite ýasalýan esbap. Çomakaý — howudyň yzky, düýäniň arkasyna degip duran bölegi. Daşyna keçe tutulan gez boýy uzynlykdaky agaç. Çortukaý bolsa hatabyň öňki we yzky bölegini birleşdirýän agaç. Onuň iki ujy hataba girip durýar.

Gadymy sözler biziň ene dilimiziň gymmatlygy bolup durýar.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.

"Güneş" žurnaly, №2-2024

Tmpedagog