03.02.2024 Gollanma75 .

Zemin ýüreginden çogýan bir mukam


Eziz Watanymyzyň günbatar künjegi bolan welaýatymyzyň Esenguly etraby ýerasty baýlyklara baý mekanlaryň biridir. Bu etrap ýurdumyzda ýer astyndan çogup çykýan, tebigatyň täsin gudraty bolan palçykly wulkanlaryň hem iň köp duş gelýän ýerleriniň biri hasaplanylýar. Etrabyň çäginde ýerleşýän Akpatlawuk, Gökpatlawuk, Çekişler, Gaýnagdepe, Keýmir, Tüýnükli, Porsy ýaly köp sanly palçykly wulkanlar muňa mysal bolup biler (Hazar deňziniň kenaryndaky wulkanlaryň ýerden atylyp (patlap) çykmagyna ýerli gepleşikde «patlawuk» diýlipdir).

Häzirki döwürde etrapda bar bolan nebitgaz känleriniň köpüsiniň atlarynyň palçykly wulkanlar bilen baglanyşykly bolmaklygy hem tötänden däldir. Sebäbi olar zemin jümmüşindäki nebitiň we gazyň güýçli basyşy esasynda döräp, ýerasty baýlyklaryň alamaty bolup durýarlar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynyň «Palçykly patlawuklar» atly bölüminde: «Patlawuk palçyklarynyň ýene-de bir aýratynlygyny bellemek gerek. Olar nebiti we gazy gözlemekde geologlar üçin özboluşly çelgi bolup hyzmat edýärler. Tebigy baýlyklaryň gelip çykyşy hakyndaky maglumatlar ol baýlyklaryň ýeriň çuňňur jümmüşinde ýerleşýändigine şaýatlyk edýärler. Palçykly patlawuklaryň ýüze çykan ýerinde hökman «gara altynyň» ýa-da «mawy ýangyjyň» gorlary bardyr ýa-da ozal bolandyr» diýlip bellenilýär.

Şeýle hem alymlaryň bellemeklerine görä, bu wulkanlardan çogup çykýan palçyklaryň şypahana şertinde bejeriş we öňüni alyş işlerini geçirmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Alym Arkadagymyz ady agzalan kitabynda: «Patlawuk palçyklarynyň esasy ähmiýeti olaryň kesel bejerijilik aýratynlyklarynda jemlenýändir. Bu palçyk synanyň daýanç-hereketlendiriş böleginiň dikeldiş bejergisinde, nerw ulgamyny bejermekde, ginekologik, urologik we ýürek-damar kesellerini, aşgazan-içege kesellerini bejermekde, şeýle hem kosmetologiýada giňden ulanylýar. Palçygy deňiz suwy, gün şöhleleri we aeroterapiýa bilen utgaşykly ulanmak has-da netijeli bolup durýar» diýip ýazýar.

Özünde köp sanly täsin syrlary saklaýan palçykly wulkanlar tebigaty söýüjiler üçin ekologik syýahatçylykda hem uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem olary görmäge gelýän tebigaty söýüjileriň sany az däl. Ýeri gelende nygtasak, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewe hem şu ýerlerde bolup, bu täsinlikleri ýakyndan synlamak miýesser edipdir. Şahyr Akpatlawuk palçykly wulkanyna bagyşlap:

Akpatlawuk —
Zemin ýüreginden çogýan bir mukam.
Töweregiň ýanyp ýatan batgalyk,
Türkmen topragynda asuda wulkan.

Akpatlawuk—
Howa bolsa-da sowuk,
Seniň gursagyňdan göterilen duman,
Ýyly mähir bolup ýaýraýar dünýä,
Eý, Ýeriň göwsüne sygmadyk umman —

diýen bentler bilen başlanýan adybir goşgyny bize ýadygär galdyrypdyr.

Repbimberdi Sapardurdyýew,
Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 01.02.2024

Tmpedagog