03.02.2024 Gollanma161 .

Akyldar şahyr teatr we kino sungatynda


Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen çuň manyly goşgusy akyldar şahyryň döredijiligine aýdyň göz ýetirmekde gymmatly gollanmadyr, özboluşly ylham çeşmesidir.

Türkmen edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde özboluşly orun eýeleýär. Häzirki zaman türkmen edebiýatynda söz sungatynyň ussadyna bagyşlanan işler az däl. Şirin dilli aýdymçylarymyz özleriniň aýdym-sazlary bilen şahyryň waspyny ýetirýärler. Kino we teatr eserlerinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan kompozisiýon çykyşlar, onuň ömri we döredijiligi barada sahnalar görkezilýär.

Türkmen teatrynyň sahnasynda Magtymgulynyň keşbiniň döredilmeginiň özboluşly taryhy bar. Ol XX asyryň ortalaryndan başlanýar. Halkyň ykbalynyň uly synaglara duçar bolan ýyllarynda (1941 — 1945) şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda ýazyjy, dramaturg Berdi Kerbabaýewiň “Halk şahyry” atly eseri sahnalaşdyrylyp, bu spektakl tomaşaçylaryny watançylyk duýgularyna ruhlandyrdy. Spektaklda Magtymgulynyň çeper keşbini döretmek meşhur artist Aman Gulmämmedowa ynanylýar. Dramada watançylyk temasy esasy orunda goýulýar. Ýeri gelende, Berdi Kerbabaýewiň “Halk şahyry” dramasynyň türkmen edebiýatynda goşgy görnüşinde ýazylan ilkinji drama eseridigini bellemelidiris. Eserde Magtymguly Pyragynyň öz goşgy setirleri köp ulanylýar. Aman Gulmämmedowyň okan her bir şygrynyň tomaşaçylar tarapyndan örän gyzgyn kabul edilendigini esere ýazylan synlardan, beýleki ylmy-publisistik işlerden okamak bolýar. Soňra bu eser täzeden işlenilip, 1960-njy ýylda halka hödürlenýär we rejelenen görnüşde “Magtymguly” diýlip atlandyrylýar.

Ýurdumyzyň teatrlarynda ýazyjylar Gylyç Kulyýewiň “Ýowuz günler” (1965), Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Meňli” (1979) eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar uzak ýyllaryň dowamynda teatr sahnalarynda tomaşaçylara görkezildi. 1960-njy ýylda dramaturg Taňryguly Taganowyň “Kökenli ýüzük” atly eseriniň esasynda welaýatymyzyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan spektakl köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde tomaşaçylar köpçüligine ýetirilip, halkyň hemişelik söýgüsine mynasyp boldy.

Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan teatr eserlerinde watançylyk, harby-gahrymançylyk, adalatsyzlyga garşy göreş ýaly ýörelgeler ýokarda ady agzalan eserleriň esasy mazmunyny düzýär. Çeper keşbiň açylyşy we wakalaryň gurluş yzygiderliligi bir hörpden gopýar.

Magtymgulynyň keşbine opera sungaty hem ýüzlendi. Bu opera ilkinji gezek 1964-nji ýylda Berdi Kerbabaýew bilen Alty Garlyýewiň bilelikde işlän librettosy esasynda döredilipdi.

Şonda eseriň sazyny Ýuliý Meýtus işläpdi. 1968-nji ýylda bolsa Alty Garlyýewiň režissýorlyk etmeginde “Magtymguly” kinofilmi mawy ekran arkaly halk köpçüligine ýetirildi.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda gaýtadan sahnalaşdyrylan “Magtymguly” operasy bolsa gysga wagtyň içinde taýýarlanylyp, halkymyza hödürlenildi. Türkmenistanyň döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döwlet horunyň bu işe işjeň gatnaşmagy, döwletimiziň teatr sungatynyň täze şertlerdäki ösüşiniň miweleridir. Eser süňňünde ilkinji sahnalaşdyrylandaky wakalary saklap galan hem bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy baýlygy bilen baýlaşdyryldy. Opera dört görnüşden ybarat bolup, onuň ähli görnüşlerinde Magtymguly Pyragynyň kämillik döwri bilen, ýaňy Şirgazy medresesinde at alan ýaş şahyr Magtymgulynyň halky bilen janybir utgaşykly keşbi döredilipdir. Eser ilkinji goýluşyndan tapawutlylykda halkyň milli duýgy-düşünjelerine has ýakyndyr. Magtymgulynyň Şirgazy medresesinden gaýdýan pursatlary operanyň häzirki görnüşinde düýpgöter täzeçe işlenilipdir.

Soňky ýyllar Magtymgulynyň döredijiligi aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Şahyryň 290 ýyllygyny bellemäge taýýarlanylan günlerde akyldaryň ömrüne bagyşlanan, “Magtymguly” çeper filmi bolsa, şahyryň ömri hem döredijiligi bilen baglanyşykly öň sungat eserlerinde açylmadyk täze wakalary beýan edýär. Filmde Magtymguly Pyragynyň Ahmet şa Dürrany bilen duşuşygy hem özboluşly suratlandyrylýar. Bu film ýurdumyzyň welaýatlarynda we Özbegistanyň Hywa şäherinde surata düşürildi. Filmde Magtymgulynyň çeper keşbini artist Söhbet Annamyradow, Döwletmämmet Azadynyň çeper keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Amangeldiýew janlandyrdy.

Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda badalga alan täze teatr möwsüminde ýurdumyzyň teatrlarynda akyldar şahyryň ömri-döredijiligine bagyşlanan sahna eserleri tomaşaçylara hödürlenildi. Diýarymyzyň beýleki teatrlary bilen bir hatarda welaýatymyzyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda hem Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly režissýor Akynazar Hommyýewiň taýýarlan “Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy” atly teatrlaşdyrylan sahna oýny, soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyna salgylanyp Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri esasynda “Ylahy yşkyň kyssasy” atly spektakl tomaşaçylara görkezilip başlandy. Häzirki wagtda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň wekilleri Magtymguly Pyragy barada dokumental filmleri surata düşürýärler.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 14-16-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara festiwaly geçirildi. Festiwala Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Tatarystan Respublikasynyň teatr toparlary gatnaşdy. Bu festiwalda ýokarda ady agzalan döwletleriň sungat ussatlary bilen bir hatarda Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Zaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň artistleri Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda myhmançylykda bolup, onuň sahnasynda özleriniň goýan “Magtymguly Pyragy” atly sahna eserini gyrgyz dilinde görkezdiler.

Watanymyzyň adyny dünýä tanadan merdana pederlerimiziň, pähim-paýhasly söz ussatlarymyzyň abraýyny äleme ýaýýan, medeniýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda teatr sungatyna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragy dünýä çykýar, şahyr bilen döwletimiziň abraý-mertebesi jahana ýaýylýar. Nesip bolsa, beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Kararnamasyna laýyklykda dünýä derejesinde belleniler.

Akmyrat REJEPGULYÝEW,
Ýolöten etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 01.02.2024

Tmpedagog