27.01.2024 Gollanma70 .

Gyş paslynda sagdyn bolmagyň kadalary


— Gyş paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.

— Pasyl aýratynlyklaryna görä geýinmeli.

— Elleriňizi sabyn bilen yzygiderli ýuwmagy endik edinmeli.

— Öýlerde arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip durmaly.

— Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaly.

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

— D witaminine baý önümleri iýmeli. Olara balyk, mesge, ýumurtga, däneli ösümlikler degişlidir. С witaminine — askorbin turşusyna baý bolan miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini köp içmeli. Kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini iýmek saglyga diýseň peýdalydyr.

— Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, gyzyl burç goşulan unaşy her hepdede içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

— Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

— Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýan köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

— Iýmit howpsuzlygyny berjaý etmeli.

— Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp almaly.

— Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

"Türkmenistan" gazeti, 27.01.2024

Tmpedagog