25.01.2024 Gollanma98 .

Küýzeligyr galasy


Bu gadymy gala taryhçylaryň hasaplamagyna görä, biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlara degişli. Küýzeligyr welaýat merkezinden 60 kilometr uzaklykda, Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýär.

Ýadygärlik berkidilen şäheri ýatladyp, 13 gektar meýdany öz içine alypdyr. Ol iki sany gapma-garşy gidýän diwarlar bilen berkidilip, olaryň arasynda 2,5 metre golaý ini bolan geçelge bolupdyr. Gala adybir depäniň demirgazyk böleginde, üçburçluga meňzeş edilip, täsin usulda gurlupdyr. Galanyň diwary samanly laý bilen suwalypdyr. Onuň gurluşyna üns bilen syn edeniňde, daşky duşmanlardan goranmak üçin salnan galadygy mese-mälim bildirýär. Galanyň adynyň Küýzeligyr bolmagy bu ýerde küýzegärlik senediniň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar. Aýtmaklaryna görä, onda köp sanly küýze döwükleri bolanmyş. Bu gyra Küýzeligyr adynyň dakylyşy barada şeýle rowaýat hem aýdylýar:

Nuh pygamberiň dilegi bilen Allatagala bütin Ýer ýüzüni suwa gark edýär. Bu apatdan diňe Nuhuň gämisine münenler aman galýar. Günleriň birinde dünýäniň suwy peselip, belent daglaryň gerşi görünmäge başlaýar. Soňlugy bilen toýun palçykly belentlikler hem suwdan saýlanýar. Şol pursatda Nuha Allatagaladan: «Wasyň toýun palçygyndan müň sany küýze ýasa!» diýen emr gelýär. Nuh pygamber depede küresini gurup, Tüniderýanyň gyzyl toýnundan müň sany küýze ýasaýar. Ondan soňra Allatagala şol küýzeleri kürede bişirmegi buýurýar. Nuh küýzeleri bişirýär we zarňyldap duran müň sany küýze emele gelýär. Soňra Allatagala oňa şol küýzeleri döwüp, çäje öwürmegi buýurýar. Şonuň netijesinde hem şol ýerde köp sanly küýze döwükleriniň duşýandygy üçin ýerli ilat bu gyry Küýzeligyr diýip atlandyrýar. Häzirki döwürde galanyň töwereginde we içki böleginde dürli nagyşly küýze bölejiklerine gabat gelmek bolýar. Bu ýerde Ýanbaşgala we Bazargala ýaly uly gadymy şäherler gurlupdyr. Olardan ýüze çykarylan tapyndylar senetçiligiň iňňän ýokary derejede ösendigini subut edýär. Suwaryş ulgamyny barha kämilleşdirmek maksady bilen köp akabalar çekilipdir. Küýzeligyr ýadygärlikler toplumyna degişli arheologiýa gymmatlyklarynyň arasynda orak we daş owguçlaryň tapylmagy Küýzeligyryň ýaşaýjylarynyň ekerançylyk bilen meşgullanandygyny, bürünçden ok uçlary, aýal bezegleri we başga zatlaryň tapylmagy bu ýerde metal işlemegiň ösendigini görkezýär. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesi Küýzeligyryň ýaşaýjylarynyň maldarçylyk bilen hem meşgullanandygyna şaýatlyk edýär. Bu medeni ojaklarda öndürilen, gyzyl we goňur reňk bilen haşamlanan owadan nagyşly küýzelere gözellik, kämillik taýdan bäs geljek önümler tapylmandyr.

Altyn NIZAMOWA,
Köneürgenç etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 25.01.2024

Tmpedagog