18.01.2024 Gollanma94 .

Zehini yhlas açýar


Çaganyň zehini onuň geljekde saýlap aljak hünäri üçin örän ähmiýetlidir. Zehini açmak üçin bolsa yhlas gerek. Ata-babalarymyzyň «Yhlasa — myrat» diýen dana pähimi hem durmuş tejribesinden alnandyr. Çaganyň zehinini açmak okuwçy bilen mugallymyň arasynda has-da aýdyň duýulýar. Her bir mugallymyň okuwçynyň, ýagny çaganyň zehinini açyp bilmäge ukyply bolmagy zerurdyr. Okuw sapaklarynyň birinde okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul boldular. Arasynda bir okuwçy hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Ol okuwçydan boş oturmagynyň sebäbini soranymda: «Mugallym, mende hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem, kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna göz ýetirdim» diýip, başyny aşak saldy. Men şonda oňa: «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip ýüzlendim. Şonda ol: «Nädip men ýeke-täk bolýan?» diýip geňirgendi. Şonda oňa aýdan sözlerim häli-häzirlerem hakydamdan çykmaýar: «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar. Her ynsan bir daragtdyr, ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi bilen. Eger-de özüňi häzire çenli zehinsiz hasaplan bolsaňam, bu seniň zehinsizligiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakynda düýpli pikir etmändigiňi görkezýär» diýip jogap berdim. Şonda ol çuňňur oýa batyp, meniň aýdan sözlerime ünsüni gönükdirdi.

Şondan soňra ol durmuşa içgin garamaga başlady. Adam hiç haçanam özüniň ukyp-başarnygyny haýsydyr bir müşgillige görä yza tesdirmeli däldir. Sebäbi durmuş göreş bilen dowam edýär. Ýaş nesillere ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hiç hili oýa batyp oturmagyň gereginiň ýokdugyny pedagog hökmünde düşündirmek wajypdyr. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar ata Watanyň beýik geljegini gurujylar hökmünde ykrar edilen bolsa, geljek ýaşlar bilendir. Munuň aýdyň mysalyny häzirki wagtda ýaşlara berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde aýdyň görmek bolýar. Magtymguly Pyragy «Adamzat» atly şygrynda:

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz
Haýsy işe maýyl bolsa adamzat —

diýip belleýär. Ýaş nesliň ukyp-başarnygyny açmak barada pikir alşylanda akyldar şahyrymyzyň bu setirleriniň gymmatynyň ýokary boljakdygy ikuçsuzdyr. Kämil şahsyýeti kemala getirmekde akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin maşgalada-da, işde-de hemişe çaganyň ukyp-başarnygyna aýratyn üns berilse, onuň durmuşda dogry ýoly saýlap aljakdygyna bolan ynam has-da uludyr. Çünki çaga ýaşlykdan höwes bildiren kärine baş goşsa, onda onuň geljegi röwşendir, ümzügi diňe ileridir.

Enejan SYTDYHOWA,
Akdepe etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazetim 18.01.2024

Tmpedagog