18.01.2024 Gollanma95 .

Hümmeti egsilmejek hazyna


Ismim düşer ilden-ile,
Nagyş ederler dilden-dile,
Magtymguly, gongul güle,
Hazan urup solmagynça —

— diýen beýik söz ussady Magtymguly Pyragy ahlak gözelligi, edep-terbiýe, halal, päk, Hak ýolundan ýöräp, ile-güne ýagşy görelde bolmak, Watany söýmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak dogrusynda öz goşgularynda öwran-öwran belläp geçipdir. Beýik söz ussady, dünýäniň akyldary Pyragy ynsanyýete diňe akyl-paýhas ündemek bilen çäklenmän, eýsem, okalyşy bilen aýratyn täsirli, ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar. Magtymgulynyň çeper döredijiligindäki ähli ägirt işler, täzelikler, kämil hem-de özüne çekiji çeper şygyrlar onuň dünýägaraýşy we ylhamlanmak duýgusy bilen baglydyr.

Beýik şahyr we akyldar türkmen diliniň many goýazylylygyny, şirinligini öz eserlerinde örän nepislik hem ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Onuň şahyrana ajaýyplygynyň ýanynda gymmat baha göwher gaşlarynyň ýalpyldysy hem köreksi gelýär.

Şahyr döwri, durmuşy anyk hem sada dilde beýan etmegiň ussady, görelde mekdebini geçen beýik halypadyr. Çünki, bu mukaddes toprak Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Möwlana Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe filosoflary, şahyrlary, beýik akyldarlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim-paýhaslary ynsanyýetiň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Pyragy edebiýat, medeniýet, pelsepe ummanynyň şeýle läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham, täsir alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldardyr.

Türkmeniň synmaz ruhuna deňelýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanylýar. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirler kalplara ylham bolup ornaýar. Magtymguly atamyz çeper sözüň üsti bilen döwrüň, halkyň ýagdaýyny suratlandyryp, halkyň ýüregine aralaşmagy başaran ussat. Onuň arassa ahlaga, päklige, halallyga çagyrýan öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Magtymguly Pyragy her bir adamyň söz manysyny aňyşyna, aklyna, gep-sözüne görä baha berýär. Şahyr nobat berilmedik, habar soralmadyk ýerde geplemezligi, umuman az sözlemegi ündäpdir.

Aklyň bolsa söz aýtmagyl,
Nobat berilmegen ýerde.

Akyldar şahyr “Har eýlär” goşgusynda:

Aklyň bolsa märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär —

— diýýär. “Ýat ýagşy” goşgusynda bolsa:

Magtymguly, hakdan syryň gizleme,
Biwepadyr, nämähremi gözleme,
Ümsüm otyr, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy —

— diýmek bilen adamy adam edýän sözüň ähmiýetiniň biçak uludygyny nygtapdyr.

Magtymguly Pyragy:

Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet istärin —

— diýip ol Berkarar döwleti arzuw eýläp geçipdir. Onuň arzuwy Garaşsyz döwletimizde amala aşdy.

Beýik şahyryň döredijiligine biçak uly sarpa goýýan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussadynyň sarpasyny has-da belentde tutýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran ussat şahyryň, gymmatly pikirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hümmeti egsilmejek hazynadyr.

Türkmeniň ruhy dünýäsiniň gözellikleriniň jemlenmesi bolan baý edebi mirasymyzy, geçmişde ýaşan şahsyýetlerimiziň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmäge, häzirki ajaýyp döwrümizde çynlakaý girişildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik şahsyýetlerimiziň, akyldar şahyrlarymyzyň edebi mirasyny düýpli hem ylmy çuňlugynda öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Halkyň kalbynda ebedilik orun alan Magtymguly Pyragy hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz hemaýaty bilen bu gün özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen gol çeken Karary hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgawy edebiýatymyzyň ägirt sütüni, beýik söz ussady, hezreti Magtymgula goýýan beýik sarpasydyr.

Beýik söz ussady bu günki günde ýüreklerimize joşgun berýär.

Pederleriň ýürek sesi,
Söz ussady Magtymguly.
Dünýäniň pähim-paýhasy,
Söz ussady Magtymguly.

Çözüldi baknalyk doňy,
Atdy Garaşsyzlyk daňy,
Äleme salyp dur ýaňy,
Söz ussady Magtymguly.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň ussatlyk bilen ýazyşy ýaly beýikdir:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Onuň alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Ejegül ATABAÝEWA.
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazetim 18.01.2024

Tmpedagog