13.01.2024 Gollanma105 .

El işlerinde balykçylygyň beýany


Dünýä halklarynyň arasynda türkmenler öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen has-da tapawutlanýar. Türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri gaýtalanmaýan sungat eserleridir. Olaryň esasy aýratynlygyny alamatlandyrýan zat hem nepis nagyşlardyr. Şol nagyşlaryň özeninde bolsa janly tebigat beýan edilendir. Nagyşlara diňe bir ýaşaýan ýeriniň täsin tebigaty däl-de, eýsem, ilatyň meşgullanýan kesp-kärleri hem täsirini ýetiripdir.

Ýurdumyzyň günbatarynda ýaşaýan kenarýaka türkmenleriniň keşde nagyşlary şekilleriniň özboluşlylygy, reňkiniň goýulygy bilen tapawutlanýar. Kenarýaka ilatyň döreden haly gölleriniň, milli lybaslarynyň nagyşlarynda olaryň suw ýakasyndaky mesgeniniň, esasy kesbi bolan balykçylyk käriniň, suw ulagy gaýykdyr gäminiň, aw gurallarynyň, bereketli deňziň, suwdaky guba-gazlaryň sudurlary ýerleşdirilendir. Balyk tutmaklykda esasy gurallar bolan «gadalga», «gaňrak», şeýle hem gämini açyk suwda saklaýan enjam «labyr» bilen baglanyşykly «gaňrakly göl», «gaňyrçak», «gaňyrçakly älem», «labyr» ýaly nagyşlar döräpdir. Halylara salynýan «dyrnak», «dyrnakgöl», «gabsagöl» nagyşlarynyň daş-töweregi durşuna goçak bolup, olar balykçynyň esasy ulagy gaýyklaryň keşbini aňladypdyr. «Tirana» nagşy bolsa Hazaryň baýlygy bolan balyklaryň, esasanam, gyzyl balyk hasaplanylýan tirana, bekre balygynyň şekili bilen baglanyşykly döräpdir. Türkmeniň milli egin-eşiklerine, haly-palaslaryna salynýan nagyşlaryň arasynda balykçylyk käri bilen baglanyşykly ýokarda agzalan nagyşlar özüniň aýratyn durky bilen tapawutlanýar.

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegidigine şaýatlyk edýär. Türkmeni dünýä tanadan keşdeçilik sungatymyzyň nagyşlary biziň gaýtalanmajak sungat eserimizdir.

Goý, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny umumadamzat baýlygyna öwürmekde uly işleri amala aşyrýan döwlet Baştutanymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gyrmyzy MAŞADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugra ýöriteleşdirilen
10-njy orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy.

"Türkmen dünýäsi" gazeti, 10.01.2024

Tmpedagog