13.01.2024 Gollanma234 .

Akyldar barada aýdylanlardan


Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galdy.

Mämmetweli Kemine.

* * *

Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynda ägirt uly özgeriş döredip, ony öň görülmedik derejede ösdüren şahyrdyr.

Mäti Kösäýew.

* * *

Aý bilen Güne, asmana hem-de ýyldyzlara garrama ýok. Magtymgula-da könelme ýok.

Bir-biriňi çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden, Agzalalyk aýrar ili dirlikden, Mundan döwlet dönüp duşmana gelgeý.

Dünýä durup, adamzat nesli dowam edýärkä, bu setirleriň-de kän-kän dillerde gaýtalanjakdygyna şek ýok.

Berdinazar Hudaýnazarow.

* * *

Magtymguly durmuşa, edebiýata düşünmekde her bir okyjynyň halypasydyr.

Ahmet Mämmedow.

* * *

Magtymgulynyň eserlerini okadygyňsaýy, olaryň manysynyň dürlüdigine, barha güýjeýändigine geň galýarsyň. Çuňňur guýudan suw alsaň, ertir ýene onuň öwezi dolýar. Bu ýerde hem edil şonuň ýaly. Bu gün bir goşgyny okasaň, lezzet alýarsyň. Ertir şol goşgy ýene-de täze-täze lezzet berýär. Şeýle ussat şahyry döreden öz halkyma guwanjymy men hiç zat bilen deňäp biljek däl.

Beki Seýtäkow.

* * *

Ýüreklerde ýürek sözün dolduran, Dür söz bilen dünýä özün aldyran, Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez, Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz, Dünýä durdugyça durar Pyragy, Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.

Gara Seýitliýew.

* * *

Magtymgulynyň şygyrlary — türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň çeper keşbi.

Ahmet Bekmyradow.

* * *

Magtymgulyň şygry ýaly, Kökün ýere uran daglar.

Kerim Gurbannepesow.

* * *

Türkmen kabylasyn arşa ýetiren, Ady arşa ýeten Magtymguly sen!

Halyl Kulyýew.

* * *

Magtymguly diňe bir kümüşçi ussa däl-de, öz asylly, uly ýüregi bilen hak sözlerden göwher ýasan zergärdir.

Ata Atajanow.

* * *

Magtymguly diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem ähli döwürleriň, asyrlaryň beýik şahyrydyr.

Agageldi Allanazarow.

Toplan Narmamat TAJIBAÝEW,
Şabat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 11.01.2024

Tmpedagog