19.01.2023 Gollanma158 .

Ene söýgüsi hakynda


* * * Gün nurundan ýagtylyk eçilişi ýaly, ene söýgüsi hem diňe mähir-muhabbet, şatlyk, nuranalyk, asyllylyk eçilýär.

* * * Enelik Ýaradanyň eçilen bagtydyr.

* * * Enäniň söýgüsi, ýüreginiň duýgurlygy, kalbynyň mähremligi hiç zat bilen deňäp bolmaýan duýgulardyr.

* * * Adamzat duýgularynyň içinde enäniň perzendine bolan söýgüsi iň pägidir, iň hakykysydyr, wepalysydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsinde hiç hili ýalan-ýaşryk ýokdur.

* * * Sallançak üwräp, balasyny hüwdüleýän enäniň hoş owazynda diňe päk arzuwlar ýaňlanýandyr.

* * * Perzendini alada edýän enäniň ýürek urgusy adatdakydan ençeme esse tizlik bilen urýar. Çünki ene perzendiniň sag-salamat gezmegi, kemally adam bolup ýetişmegi ugrunda janyny orta goýýan ynsandyr.

* * * «Bagt näme?» diýlen soraga: «Ejemiň ýanynda oturyp, öz perzendimi sallançakda üwremegim» diýip jogap bererdim.

* * * Zenan ene bolansoň, durmuş ýolunda özüniň ejizlemegine ýol bermeli däldir.

* * * Eneler perzentleriniň kalbyndaky rahatlygyň müdimiligi üçin olary ömürlik mähiralada bilen gurşap alýarlar.

* * * Hiňňildikde uçýan çaga her badynda ejesine ýylgyryp, elini bulaýar. Ejesi-de her gezek oňa jogap edip, elini bulaýar. Bu, elbetde, ene bilen perzendiň arasyndaky hiç haçan üzülmeýän söýgi bagydyr, olaryň ajaýyp dünýäsindäki päklige ýurgulan mähir kelamydyr.

* * * Eje — biziň kalbymyza ömürlik haşamlanyp ýazylan sözdür. Hyýallarymyzda biz olary mydama ýatlap, gyzgyn mährine çoýunýarys.

Taýýarlan:
Jahan ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen
42-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 18.01.2023

Tmpedagog