12.01.2024 Gollanma192 .

Ýaşlar — ýurduň geljegi


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, täze ýylymyza berk ynam, beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýandygy kitapda giňişleýin beýan edilýär. Bu ajaýyp eseriň türkmen ýaşlarynyň üstünlikleriniň özboluşly beýanydygy tutuş halkymyzda, şeýle-de daşary ýurtlaryň wekillerinde hem uly gyzyklanma döredýär. Ýaşlaryň sagdyn ösmekleri, döwrebap bilim, asylly terbiýe almaklary ugrunda orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, sungat mekdepleriniň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap binalary gurulýar. Bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar.

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hatarynda tanalýan güneşli Diýarymyzda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatyna laýyklykda alnyp barylýan işlerde ýaşlara aýratyn üns berilýär. Dürli ugurda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, jemgyýete zerur bolan hünärleri ele almaga bolan ruhy we maddy islegleri höweslendirilýär. Ajaýyp eseriň sahypalaryny agdaryp başlanyňdan bu asylly işleriň beýik maksada gönükdirilendigine, ýagny, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine, halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amal edilýändigine akyl ýetirýärsiň. Kalbyňa dolan buýsanç, guwanç duýgulary bolsa her bir okyjyny bu tutumly işlere şahsy goşant goşmaga ruhlandyrýar. Çünki Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleridir.

Şuňa laýyklykda döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky edýän bimöçber tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle eşretli zamanada, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga uly mümkinçilikleri hem-de şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn! Gahryman Arkadagymyzyň hem, hormatly Prezidentimiziň hem ilhalar eserleriniň höwri köp bolsun!

Durdyguly MEREDOW,
Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 11.01.2024

Tmpedagog