09.01.2024 Gollanma3153 .

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly


Ýurdumyzda her bir ýylyň özüne mynasyp atlandyrylmagynyň durmuş ýörelgesine öwrülmegi halkymyzda ruhubelentlik, Watana, ene topraga, belent ösüşlerimize, mähriban Prezidentimize bolan söýgini artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni ýagny, 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Aşgabatda ýerleşýän “Ruhyýet” köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan etdi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew täze eseri-beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretdi. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda ýagny Köpetdagyň eteginde oturdyldy. Heýkeliň kompozisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy döredildi.

Awtoryň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgähinde ýerleşýän desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metr, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Heýkeli taýýarlamak üçin Änewiň senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowrak ýerde ýadygärligiň gips gabarasyny taýýarlamak we soňra ony bürünçden guýmak üçin zerur tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan seh guruldy. Beýik dananyň heýkelini ýasamak üçin bir müň tonna golaý bürünç gerek boldy.

2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýery hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirende özüniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Bu kitap Bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine sowgat boldy. Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn. Täze ýylyň bosagasynda türkmen ýaşlaryna bagyşlan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyňyzyň ilkinji sanyny maňa ibermegiňiz mende buýsançly duýgulary has-da artdyrdy” diýip belläp geçdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý many-mazmunly ilkinji kitaby watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän tagallalar giňden açylyp görkezilýär.

Ogulboldy GYLYÇMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini
çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.



Tmpedagog