06.01.2024 Gollanma81 .

Beýik işlere çagyryş


Kitap ynsanyň teşne ruhuny gandyryp, ony kämillige gönükdirýär. Ajaýyp eserler awtorlarynyň pähim-paýhasyny, durmuş tejribesini, parasatly pikirlerini özünde jemläp, olary asyrlarboýy ýaşadýar. Şoňa görä-de, gadyr-gymmatyny bilýän ynsan üçin kitap iň gowy dostdur. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi hem türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu çeper-dokumental kitaby Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň waspnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý many-mazmunly ilkinji kitaby watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän tagallalar giňden açylyp görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak, olaryň sagdyn jemgyýete goşulmagyny gazanmak ugrunda ynsanperwer işler durmuşa geçirilýär. Kitapda ýurdumyzda çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiziň ýaş raýatyny uly üns-alada bilen gurşap alýandygy bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sözleri ýaş nesilleri belent sepgitlere çagyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň yzy gür bolsun!

Agabeg NUROWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky
31-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Watan" gazeti, 06.01.2024

Tmpedagog