04.01.2024 Gollanma139 .

Terbiýe bermek borçdur


Nesil terbiýesine aýratyn üns beren ata-babalarymyz çaga ýaşlykdan ylym, sowat, terbiýe beripdirler. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Soňra çagalar baglarynda, mekdepde dowam edýär. Mährem enelerimiziň belent adamkärçilige, edep-ekramlylyga ýugrulan hüwdülerinden gulagy ganyp kemala gelen çagalaryň Watanyň adyny, mertebesini belende galdyrjak kämil şahsyýetler bolup ýetişjekdigi ikuçsuzdyr.

Çaganyň dogry terbiýe almagynda terbiýeçileriň, mugallymlaryň hem uly orny bar. Bagtly çagalaryň ýurdy bolan Türkmenistan Diýarymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Hut şonuň üçin ene-atalar, şeýle hem mugallymlar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmäge, ýaş nesilleriň kalbynda ýagty ertirlere bolan beýik ynamy oýaryp terbiýelemäge öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi uly ähmiýete eýe. Akyldar şahyryň şygryýet dünýäsi edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň belent nusgasydyr. Onuň öwüt-nesihata ýugrulan goşgulary her bir ynsanyň kalbynda birek-birege bolan hormat-sarpa, mylakatlylyk ýaly asylly duýgulary oýarýar. Perzendi heniz kiçilikden zähmete taplamak bolsa asyrlardan aşyp gelýän milli ýörelgelerimiziň biridir. Oglan çagalaryň eline orakdyr pil, gyzjagazlara bolsa dokma darakdyr synny, iňňe tutdurylyp, olara zähmet terbiýesi berlipdir. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda orta mekdeplerde hem dowam etdirilýär. Zähmet sapaklarynda, gurnaklarda okuwçy gyzlar el işlerini, oglanlar bolsa ussaçylyk ýaly hünärleri ele alýarlar. Bu bolsa olaryň ylymly-bilimli bolmagy bilen bir hatarda, elleriniň hünärli bolmagyna şert döredýär.

Ene-atanyň çagasyna berýän iň uly baýlygy onuň edep-terbiýesidir. «Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur» diýilmegi hem çaganyň geljekde durmuşda öz ornuny tapyp bilmegi üçin edep-terbiýäniň juda möhümdigini aňladýar. Çaga ýagşy edep-terbiýe alsa, jemgyýetde kämil şahsyýet bolup ýetişýär.

Pederlerimiziň bize miras galdyran edep-terbiýe we ahlak gymmatlyklaryny Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwründe ösdürmek, durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlara giňden düşündirmek we terbiýelemek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Ata-babalarymyzyň asyrlar aşyp gelýän watansöýüjilik, ruhy-ahlak arassalygy, halallyk ýaly wesýetlerine eýerip, Watana wepaly bolmak, halal zähmet çekmek bu günki ýaşlaryň durmuş ýörelgesidir.

Jeren ILJIKOWA,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen
57-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 04.01.2024

Tmpedagog