27.12.2023 Gollanma79 .

Aýazbabanyň terbiýeçilik ähmiýeti


Dünýä ýurtlarynyň ençemesinde körpeler Aýazbaba hat ýazyp, özleriniň arzuwlaryny beýan edýärler. Ony Täze ýyl arçasynyň aşagynda goýýarlar. Ynanja görä, täze ýylyň ilkinji säherine çenli çagalaryň uklan mahalynda Aýazbaba assyrynlyk bilen gelip, hatly bukjany okap, körpeleriň islegini amala aşyrypdyr. Ertekilerde aýdylmagyna görä, nurana we şähdaçyk goja ýylboýy çagalaryň akylly we garagol hereketlerine syn edýärmiş. Aýazbaba çagalaryň özüni alyp barşyna görä, olaryň islegini berjaý edýärmiş. Çagalar Täze ýyl baradaky goşgulary, aýdymlary ýat tutýarlar we bu ajaýyp baýramy suratlarda beýan edýärler.

Aýazbabanyň terbiýeçilik ähmiýeti hem şunda. Çagalara şatlyk paýlap, olara dürli sowgatlary berýän gojany görmek üçin çagalar ýylboýy garaşýarlar. Öz arzuwlaryny, isleglerini aýtmaga howlugýarlar. Aýazbaba olar bilen sataşanda geljek ýylda dolanyp geljekdigi baradaky asylly wadasyny berýär. Çagalara ýylboýy garagolluk etmeli däldigi we okuwda, maşgalada özlerini edepli alyp barmak baradaky nesihatlaryny berýär. Bu bolsa çagalar üçin öňde goýlan maksada we wezipä öwrülýär. Çagalar geljek ýylda Aýazbabany görmek üçin öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmekde asylly işleri ýerine ýetirýärler. Dünýäniň abraýly neşirlerinde we ajaýyp kitaplarda çagalaryň durmuşyndan söhbet açýan gyzykly pursatlar ýazga geçirilýär we dünýä giňişliginde beýan edilýär. Kinofilmlerde we multi animasiýalarda bolsa ussatlyk bilen ajaýyp keşplerde örboýuna galdyrylýar.

Aýazbaba köp ýyllardan bäri jadyly taýagy we agtygy Garpamyk bilen dünýä aýlanyp, çagalara şatlyk paýlaýar. Bu ýyl hem çagalar Aýazbabany görmek üçin şu wagtdan öňde goýlan wezipeleriniň näderejede ýerine ýetirilendigini seljermäge başladylar. Olar hökmany suratda Aýazbaba bilen duşuşanlarynda özleriniň arzuw-isleglerini ajaýyp goşgularda we aýdymlarda ussatlyk bilen beýan ederler.

Musa JOMARDOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.12.2023

Tmpedagog