23.12.2023 Gollanma159 .

El hünäri il gezer


Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan sagdyn bolmagyna, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegine uly ähmiýet beripdir. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin yzygiderli alada edýär. Aýratyn hem, okuwçylaryň mekdep partasyndan başlap, eli hünärli çykmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hereket edýän zähmet we gurnak sapaklarynyň okuwçy gyzlaryň zähmetsöýer, eli çeper, asylly gylyk-häsiýetli, edepli-ekramly, ula hormat goýýan, kiçileri söýýän, enelerimizden miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýýan nesiller bolup ýetişmeginde uly ähmiýeti bar. Gurnak we zähmet sapaklarynda okuwçy gyzlary dürli hünärlere ugrukdyrmakda, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda, maşgala mukaddesliklerine hormat goýmakda, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakda, el işleriniň inçeligine, nepisligine, olaryň gadymylygyna, milliligine bolan ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezmekde, çeper elli gyzlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän mekdeplerde ýörite zähmet otaglary ähli amatly şertler bilen üpjün edilen. Mekdeplerde dürli zähmet gurallary, stanoklar, tikin maşynlary bilen doly abzallaşdyrylan ýörite synp otaglarynyň bolmagy okuwçylary zähmetden belli bir ugra höweslendirmäge mümkinçilikler döredýär.

Halkymyzda «El hünäri — il gezer» diýilýär. El hünärimiz bilen ýaşlaryň terbiýesine goşant goşmak, olarda millilige söýgi, buýsanç döretmek, biz — mugallymlaryň mukaddes borjumyz bolup durýar. Zähmet — çaga terbiýesinde esasy orny eýeleýär. Çagalar bilesigeliji bolýar. Olaryň berýän sowallaryna özleriniň düşünýän dilinde jogap bermegi başarmaly. Kähalatda, bilesigeliji çaganyň berýän dürli soraglary olary geljekde eýe boljak hünärlerine ugrukdyrýar. Çagalar gulagynyň eşidýän zadyna, gözüniň görýän zadyna ynanýarlar we özlerine tiz kabul edýärler. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, ene-atalaryň, mugallymlaryň özi görelde mekdebi bolmalydyr.

Gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler okuwçylarda zähmete bolan höwesiň artmagynda uly ýardamçy bolýar. Mysal üçin, gyzlarda el hünäriniň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmäge we olaryň inçe syrlaryny öwrenmäge höwes döredýär. Bu bolsa el işlerini edýän gyzlarymyzyň sanyny has-da artdyrýar.

Gadymdan gelýän ýörelgäni özlerine hemra edinen ene-mamalarymyzyň hünärli gollaryndan, on barmagyndan gözbaş alyp gaýdýan çeper el işlerimiziň asyrlardan-asyrlara geçip, bagtyýar günlerimize gelip ýetmeginde olaryň milliligimize, däp-dessurlarymyza bolan çäksiz söýgüsi bar. Bu ýörelgäni dowam etdirmek bilim işgärleri üçin çaga terbiýelemekde, gyzlarymyza zähmet terbiýesini bermekde görelde mekdebidir.

Ogulbagt SEÝITMEDOWA,
Akdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.12.2023

Tmpedagog