23.12.2023 Gollanma104 .

Nusgalyk mekdep


Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär» diýen göwne ýakyn jümleleri okanyňda, okamaga bolan söýgiň artyp, göwnüň galkynýar.

Kitap okanyňda, özüňi dünýä syýahat edýän ýaly duýýarsyň. Kitap okaýan adam ruhubelent bolýar, göwnüň açylyp, dünýäni öz gözüň bilen görýärsiň. Durmuşda gabat gelýän wakalar, täze kitaplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adamyň maglumata bolan islegini kanagatlandyrýar. Bilesigelijiligiňi ösdürip, dünýägaraýşyňy has-da baýlaşdyrýar. Kitap barada ýüzläp düýäniň içinden öz düýesiniň aýak yzyny, müňläp dowaryň içinden öz goýnunyň iki arka toklusyny tanap, süri malyň sanyny göz çaky bilen aýdyp, haýsy malyň näçe agram çykjakdygyny, tanyşlarynyň aýak yzyny ýüz ädime çenli yzarlap, kimdigini aýdyp bilýän, Hakdan halatly Jopban aga (Jopban baý): «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýip, öz okuwsyzlygyna ökünip, bilimli adamlaryň köp bolmagyny arzuwlan bolsa, «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz...» diýen ýaly ençeme pähim-paýhaslar döräpdir. Okaýan kitabyňdan lezzet alyp, wakalary öz başyňdan geçen deýin, eseriň içine girip gitmek okamagyň täsirini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýyl elimize gowşan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okanymda, şeýle duýgular serimi doldurdy. Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, belent adamkärçilik ruhuna eýlenen bu ajaýyp esere ynsan durmuşynyň ensiklopediýasy diýseň-de boljak. Kitaby ünsli, düşünip, öwrenip hem bellik edip okamagym eseriň many-mazmunyna akyl ýetirmegime ýardam etdi. Eserdäki wakalardan lezzet alyp, onuň içine girip giden ýaly boldum. Şol pursat filosof Karl Popperiň: «Okanyňa degýän her bir zat iki gezek däl, gaýta-gaýta okanyňa degýändir» diýen ajaýyp jümleleri hyýalyma geldi. Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine bagyşlanan bu kitap Milli Liderimiziň şahsy oý-pikirlerini, şeýle hem köpýyllyk durmuş tejribesiniň dowamynda gazanylan ýol-ýörelgeleri öz içine alýar. Eser her bir ynsan üçin nusgalyk mekdep bolmak bilen, ol biziň milli gymmatlyklarymyzy, geçmişimizi we geljegimizi giňden şöhlelendirýär. Bu eser ýaş nesiller üçin gollanma, ýol-ýörelge bolar. Kitapdaky: «Ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysy örän çuňdur. Oňa näçe içgin aralaşdygyňça, bu ýörelgeleriň adamzadyň geljegi babatda alnanda hem gymmatynyň artýandygyny duýmak bolýar» diýen çuň manyly ajaýyp jümleler eseriň ähmiýetini has hem artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlaryndaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklary ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş uzak ýol. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabymyň: «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamaty bolar diýip ynandyrýaryn» diýip bellemegi kitabyň öňki «Ömrümiň manysy» eseriniň dowamydygyny, kitabyň onuň dowamy ýene-de boljagyny mälim edýär. Kitabyň «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň özüňki», «Geçmişiňe guwanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerinde durmuş, ynsan ömri hakyndaky parasatly pikirler giňişleýin beýan edilýär.

Kämil hem mähirli gatnaşyklar ösüp gelýän ýaş nesillerimizi edepli-ekramly, hakyky watançy ynsanlar edip ýetişdirmekde görelde mekdebi bolup durýar. Mähriban Arkadagymyz nesil terbiýesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürmek bilen, ýaş nesliň edepli, terbiýeli, watansöýüji, milliligi, türkmençiligi berk berjaý edýän ýaşlar bolup ýetişmegini esasy maksat edinýär. Biz munuň şeýledigini peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän beýik işlerinde, edýän taýsyz tagallalarynda hem görýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we parahatçylygy, asudalygy, adam hakyndaky aladany baş ýörelge edinip, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

Galpakbaý GURBANBAÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
46-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 21.12.2023

Tmpedagog